Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden Global sammitde demokratiýanyň yza tesýändigini duýdurdy

ABŞ prezidenti Jo Baýden wirtual demokratiýa sammitiniň açylyşynda söz sözläp, dünýäde demokratiýanyň we ynsan hukuklarynyň yza tesýändigini duýdurdy. Wirtual sammite 100-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy.


9-njy dekabrda öz işine başlan iki günlük Demokratiýa sammitiniň açylyşynda sözlän sözünde Baýden awtoritarçylygyň ýaýramagyna garşy demokratiýany gorap saklamak üçin täze borçnamalaryň kabul edilmegine çagyrdy.


Baýden meýilleriň “ýalňyş tarapa barýandygyny” aýdyp, demokratiýa üçin “ýeňijileriň” gerekdigini aýtdy.


“Demokratiýa tötänden döremeýär. Biz her nesil täzelenende demokratiýany gaýtadan janlandyrmaly bolýarys” diýip, ol aýtdy.


“Meniň pikirimçe, bu häzirki döwrüň kesgitli kynçylygydyr” diýip, Baýden belledi.


Ak tam bu sammiti awtoritarçylyga, korrupsiýa we ynsan hukuklarynyň kemsidilmegine garşy ABŞ we onuň ugurdaş ýaranlarynyň hyzmatdaşlyk etmegi üçin mümkinçilik hökmünde öňe sürýär.


Sammitiň açylyşynda Baýden administrasiýasy dünýäde demokratiýany gaýtadan janlandyrmaga, şol sanda garaşsyz mediany we demorkatik reformalary goldamak  tagallalaryna gönükdirilen täze başlangyçlaryň üpjünçiligine 424,5 million dollar möçberinde serişde bölüp bermek üçin Kongres bilen iş alyp barýandygyny mälim etdi.   


Sammit Hytaý, Russiýa we sammite çagyrylmadyk beýleki NATO ýaranlary, şol sanda Wengriýa tarapyndan berk tankyt edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *