Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden Zelenskiý bilen geňeşýän mahaly, Russiýa Ukraina garşy basyşy güýçlendirýär

Baýden Zelenskiý bilen geňeşýän mahaly, Russiýa Ukraina garşy basyşy güýçlendirýär

Rus goşunlarynyň Ukraina serhediniň golaýyna toplanmagynyň fonunda ABŞ prezidenti Jo Baýden Ukrainanyň liderleri bilen gepleşik geçirip, NATO ýaranlary bolan dokuz Gündogar Ýewropa ýurduna howpsuzlyk kepilligini teklip edýän wagty, Russiýa Kiýewe garşy ritorikasyny güýçlendirmegi dowam etdirýär.

9-njy dekabrda Baýden Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi, soňra NATO agzalary bolan Bolgariýanyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýanyň, Wengriýanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň we Slowakiýanyň liderleri bilen gürleşdi.

Bu gepleşikler Ukraina serhedine golaý sebitlerde onlarça müň rus goşunynyň toplanyp, çozuş gorkularyny tutaşdyrýan mahaly, Baýdeniň rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren wideokonferensiýasyndan iki gün soňra geçirildi.

Russiýa Ukrainanyň we NATO-nyň dartgynlylyklara meçew berýändigini öňe sürüp, özüniň hüjüm meýilleşdirýändigini ret edýär. Moskwa NATO-nyň ýaranlyga agza bolmadyk Ukrainany hem öz içine alyp, öz çägini giňeltmegine garşy howpsuzlyk kepilliklerini talap edýär.

Wideo maslahatyň dowamynda Baýden Putine, eger rus goşunlary Ukraina garşy hüjüme girişse, Moskwanyň “ýiti ykdysady sanksiýalara” sezewar boljakdygyny aýtdy.

Zelenskiý we Baýden Putin bilen geçirilen gepleşikleri, hem-de gündogar Ukraina boýunça togtadylan parahatçylyk gepleşiklerine täzeden başlamagy maslahat etdi diýip, ukrain prezidentiniň edarasy aýtdy.

Gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen seperatistleriň arasynda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri barýan uruşda 13,200-den gowrak adam öldi. Russiýa Kiýewiň gündogar Ukrainada çaknyşyklaryň soňuna çykmagy maksat edinýän 2014 we 2015 Minsk ylalaşyklarynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini öňe sürýär.

“Gepleşikleriň möhüm ugry Ukrainanyň töweregindäki howpsuzlyk ýagdaýyna we parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerine gönükdirildi” diýip, Zelenskiýniň edarasy aýtdy.

“Şeýle-de, döwlet baştutanlary Ukrainany howpsuzlyk we maliýe ýardamlary hem-de syýasy goldaw bilen üpjün etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, beýanat aýtdy.

Has ozal, 9-njy dekabrda Russiýanyň ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general Waleriý Gerasimow Ukraina gündogar sebitlerdäki rus goldawly seperatistlere garşy hüjüme girişmezligi duýduryş berdi. Ol şeýle hereketleriň “basylyp ýatyryljakdygyny” aýtdy.

Bu aralykda, Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ukrainany NATO agzalarynyň ýardamy bilen gündogar Ukraina tarapdaky front çyzygyna agyr harby tehnikalary daşamakda aýyplady.

Daşary ýurt harby attaşeleriniň öňünde eden çykyşynda Gerasimow NATO-nyň “Russiýanyň serhedine golaý sebitlerde güýçlenmeginden hem-de bu sebitlerde ýaranlyk goşunlarynyň tälim-türgenleşikleriniň barha ýygjamlaşmagyndan” şikaýat etdi.

Ol Moskwanyň öz goşunlaryny öz çäginde göwün islän ýerine göçürmäge hakynyň bardygyny aýdyp, Russiýanyň Ukraina serhedine golaý sebitlere goşun toplamagy baradaky Günbatar aladalaryny ret etdi. Gerasimow Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygy barada aýdylýan öňe sürmeleri “ýalan” atlandyrdy.

ABŞ-nyň aňtaw agentlikleri Russiýanyň Ukraina serhedine golaý sebitlerde häzirki wagtda 70 müň töweregi goşunynyň bardygyny we geljek ýylyň başlarynda Russiýanyň 175 müň esgeri öz içine alýan goşun bilen köp frontly hüjüme girişmegi meýilleşdirýän bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Baýden Ukraina syýasaty bilen bagly iri Ýewropa döwletleri bilen utgaşykly hereket edýär, şol bir wagtda, ABŞ, NATO we Russiýanyň arasynda ýene bir gezek gepleşik geçirmegi meýilleşdirýär.

Britaniýanyň goranmak ministri Ben Wallas eger Ukraina hüjüm etse, Russiýanyň “ýiti netijeler” bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny ýene bir gezek gaýtalady.

Wallas Russiýanyň “NATO gabawy” baradaky aladalarynyň ýerliksizdigini aýtdy.

“Russiýanyň araçäginiň bary-ýogy 6 göterimi NATO ýurtlary bilen serhetleşýär. Bu NATO tarapyndan [gabaw astyna alynmagy aňlatmaýar]” diýip, Wallas aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri hökmünde Pariže amala aşyrýan ilkinji saparynda Annalena Baerbok Russiýa bilen iş salyşmakda ÝB üçin umumy pozisiýanyň zerurdygyny aýtdy.

“Russiýa Ukraina döwletliligini gaýtadan bozmak bilen agyr syýasy we ykdysady baha tölär” diýip, Baerbok žurnalistlere aýtdy.

“Biz diňe diplomatik ýollar arkaly çözgüt tapyp bileris” diýip, ol özleriniň muňa taýýardygyny aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 9-njy dekabrda Ukraina bilen bagly dartgynlylygy gowşatmaga synanyşmak üçin özüniň Putin bilen öňümizdäki hepde wirtual duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle-de, Makron öňümizdäki hepde özüniň Zelenskiý bilen hem duşuşjakdygyny aýtdy.

NATO-nyň Harby komitetiniň öňki başlygy, dynç alyşdaky çeh generaly Petr Pawel Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ukraina goşunynyň 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende has oňat enjamlaşdyrylandygyny we has oňat tälim alandygyny aýtdy. 2014-nji ýylda Russiýa Krymy anneksiýa etdi we separatist güýçlere goldaw berdi.

“Öz syýasy maksatlaryna ýetmek üçin ähli gurallary, şol sanda harby goşunlary ulanmaga taýýardygyny görkezen we ozal baglaşylan ylalaşyklary bozmakdan utanmaýan Russiýany äsgermezçilik etmeli däl” diýip, general aýtdy.

Ýöne “Ukraina goşuny häzir has-da güýçlendi, şonuň üçin Ukraina hüjüm etmek Russiýa üçin örän töwekgelçilikli ädim bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Дебошир сорвал рейс из Москвы в Новосибирск

Деньги в стране. Путин поручил сделать автотуризм удобным для россиян

Фарфоровый безвиз: новые правила въезда россиян в Китай заработают в 2025-м

Век учи: в трети российских колледжей не хватает персонала

Музыкальные новости

Один из лидеров «Салавата Юлаева» подписал контракт с ЦСКА: теперь официально

В АО "Желдорреммаш" запущен проект “Дашборд”

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Новости России

Гостиную проектов Фонда Росконгресс впервые откроют на ПМЭФ-2024

Полицейскими УВД по ЦАО выявлена и пресечена деятельность наркопритона в центре Москвы

Дебошир сорвал рейс из Москвы в Новосибирск

Век учи: в трети российских колледжей не хватает персонала

Экология в России и мире

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Турецкие отели в шоке после банкротства крупнейшего туроператора: все оказались в долгах, как работать летом — непонятно

Слушатель из Смоленска выиграл на «Авторадио» «Москвич 3»

Спорт в России и мире

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Moscow.media

Терминал сбора данных (ТСД) промышленного класса SAOTRON RT42G

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *