Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

London kazyýeti ABŞ-nyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we Assanjyň ekstradisiýa edilmegine rugsat berdi

Londondaky Ýokary kazyýet ABŞ kazyýetiniň şikaýat arzasyny kanagatlandyrdy we “WikiLeaksiň” esaslandyryjysy Julian Assanjyň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilip bilinjekdigini aýtdy.


Kazyýet Assanja kadaly çemeleşilmegi we onuň hukuklarynyň goralmagy barada ozal ABŞ häkimiýetleri tarapyndan berlen kepillendirmelere ünsi çekdi.


Häzir iňlis türmesinde oturan Assanja bada-bat ekstradisiýa edilmek howp abanmaýar we şikaýat kazyýetiniň kararynyň üstünden Britaniýanyň Ýokary kazyýetine şikaýat edilip bilinjekdigi aýdylýar.


London kazyýetinde şikaýat diňlenişigi oktýabr aýynda geçirildi. Birleşen Ştatlara wekilçilik edýän aklawçylar Assanjyň amerikan türmesinde ýörite dolandyryş çärelerine sezewar edilmejekdigini, onuň yzyndan gelenler bilen duşuşmak hukugynyň boljakdygyny, ýeke adamlyk kamera ýerleşdirilmejekdigini kepillendirdiler.


Şeýle-de, eger ýene jenaýat etmese, ABŞ häkimiýetleri onuň Kolorado ştatyndaky iň berk düzgünli türmä geçirilmejekdigini wada berýärler.


Mundan başga, amerikan kazyýeti ony azatlykdan mahrum etmek kararyna gelse, ABŞ häkimiýetleri Assanjyň jezasyny Awstraliýada, öz raýatlygy bolan ýurdunda çekmegine razylyk berdiler.


Assanjyň aklawçylary, şeýle-de adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasynyň wekilleri diňlenişikde bu kepillikleri ret etdiler. Olar bularyň ýeterlik däldigini, üstesine ABŞ-nyň bu wadalary yzyna almak hukugynyň hem bardygyny belleýärler.


Aklawçylar lukmanlaryň gelen netijelerine salgylanyp, Assanjyň ruhy ýagdaýynyň gowy däldigini, ekstradisiýa edilen halatynda özüni heläklemeginiň ähtimaldygyny öňe sürýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *