Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan türkmenleriniň tanymal telekeçisi Abdylsamad baý 74 ýaşynda aradan çykdy

Owgan türkmenleriniň tanymal haly telekçisi, Pakistanda bosgunçylykda ýaşan müňlerçe türkmeni iş bilen üpjün eden Abdylsamad baý 10-njy dekabrda, 74 ýaşynda aradan çykdy.


Azatlygyň Owganystandaky habarçysy onuň Pakistanyň Penjap sebitinde, (Atek) Kemalpur şäherinde jan berendigini, yzynda bir ogly bilen iki gyzynyň galandygyny habar berýär.


Abdylsamad baýyň ene-atasy Owganystana Türkmenistanyň Gyzylaýak obasyndan gaçyp gelipdir.


Geljekki tanymal telekeçiniň ene-atasy Türkmenistandan bosan beýleki adamlar bilen bilelikde Owganystanyň demirgazygyndaky Jöwuzjan sebitinde Gyzylaýak atly oba tutýar. Olar sowet goşunlary Owganystana çozýança şol ýerde ýaşaýarlar we soň Pakistana göçmäge mejbur bolýarlar.


Doganlar Abdylsamad we Abdylkadyr Kandylbaý Pakistanyň (Atek) Kemalpur şäherinde ýerleşip, şol ýerde hem halyçylyk biznesine başlaýar.


Olar türkmeniň gadymy çöpboýa usullaryny ulanyp, haly ýüplügini boýamak bilen, türkmen halylarynyň bazaryny giňeltmekde uly iş etdiler diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran owgan türkmeni Azatlyk radiosyna aýtdy.


Beýleki ýurtlaryň haly täjirleri öňünden pul töläp, Abdylsamad baýdan haly dokatmagy haýyş edýärler we bu ýagdaý oňa Pakistanda bosgunlykda ýaşaýan millionlarça mätäç adamy iş bilen üpjün etmäge, gaçyp baran ýurdunyň ykdysadyýetine uly goşant goşmaga mümkinçilik berdi diýip, tanymal telekeçini tanaýan adamlar gürrüň berdi.


Abdylsamad baý şu gün, 12-nji dekabrda Pakistanyň (Atek) Kemalpur şäherinde topraga berildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *