Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Okuwdan çykarylan ogly ýurda gelip bilmän, rus aeroportunda ýatyp-turýan enäniň kyssasy

Okuwdan çykarylan ogly ýurda gelip bilmän, rus aeroportunda ýatyp-turýan  enäniň kyssasy

Maryly pensioner Ogulnur eje (ady üýtgedildi), Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň we pandemiýa aladalarynyň arasynda, ogluny daşary ýurda okamaga iberip, onuň bir gün ýokary hünär alyp gelmegine, ene-atasynyň we doganlarynyň daýanç-diregi bolmagyna garaşan türkmen eneleriniň diňe biri. Ol Azatlygyň ýerli habarçysy bilen duşuşyp, özüniňki ýal güne düşen adamlaryň az däldigini aýdyp, öz maşgalasynyň düşen agyr ýagdaýlary barada jikme-jik gürrüň berdi. Emma resmi Aşgabat ne ilaty kyn ýagdaýda goýan ykdysady krizisi, ne-de ýurtda on müňlerçe adamyň başyna ýetendigi aýdylylýan koronawirus ýokuşmalaryny boýun alýar.

Azatlygyň Marydaky habarçysy çagalaryny okuwa iberip, yzynda kyn ýagdaýa düşen ene-atalaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar öz hal-ýagdaýlarynyň ýyl-ýyldan kynlaşandygyny, çagalaryny okatjak bolup, ilki awtoulaglaryny, iri mallaryny satandyklaryny, soň beýleki mallaryndan hem çykandyklaryny gürrüň berdiler.

Ogulnur ejäniň ogly Orsýetde okamak üçin 2018-nji ýylda gidipdir. Ol daşary ýurtlarda ýokary bilim alyp gelse, jigilerini hem goldar, bir wezipede işlär diýip, ene-ata umyt edipdir.

"Özümiz kadaly iýip-içmän, tapanjamyz bilen oňňut etjek bolduk, obamyzdan gök, bakja önümlerini ýygnap alyp, her güni irden bazara çykardyk; oglumyz bilen habarlaşsak, öýde hemme zat gowy, bar umydymyz sensiň, aňyrda akyllyja gez, urşup-sögüşip ýörme, okuwyň bilen bol, gymmat egin-eşik alma, puly tygşytlap sow, galyň geýin, üşäýme, agzyňa seret, aç bolaýma, bizem alada etme, biz gowy, hemme umydymyz sende diýip, sargyt yzyna sargyt etdik."

Türkmenistanda daşary ýurt walýutalarynyň iki kursy bar we, çagalary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalar aýlyklaryny ýa pensiýa pullaryny döwlet kursundan dollara öwürmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilseler, hem pullaryny hümmetlendirýärler, hem çagalaryna gowy kömek edip bilýärler. Ogulnur eje ilkiler banka baryp, pensiýa pullaryny döwlet nyrhyndan dollara öwrüp, ogluna geçirip bilendigini ýatlaýar. Emma...

"2021-nji ýylda birden hojalygymyza ezraýyl penjesini uran ýaly boldy, ilki başda işikdäki mallar keselläp, bir uçdan gyrylmaga başlady... Gyzymyzy durmuşa çykardyk, emma onuňam durmuşy bulaşdy, häzir bir çagasy bilen öýde otyr, soň kakalary ýogaldy, biziň ýurdumyzda ýok diýilýän kesele uçrady... Eger biziň ýurdumyzda ol diýilýän kesel ýok bolsa, onda näme üçin biziň öýümize gelip, ýanýoldaşymy alyp gidenlerinde, ýörite eşikli geldiler we ertesi gelip, meni hem karantin astynda bolmaga alyp gitdiler?"

Ogulnur eje soň öýlerini hlorlaýyşlaryny, köçede her gün iki gezek traktorly aýlanyp, hlor sepişlerini hem sözüne goşdy.

"Biziň ählimizden analiz aldylar, hiç ýere çykmak bolanok, öýüňize adam getirmek bolanok diýdiler; goňşularymyzam karantin astyna aldylar."

"Men düşinemok" diýip, Ogulnur ejäniň gyzy hem gürrüňe goşuldy. "Kakam öýde ýaraman ýatanda, bir lukman her gün asma ukol goýup, oňa esewan ederdi. Soň onuň keseli başga wirus, size hem ýokuşar diýip, biziň barymyzy karantin astyna alanlarynda, her güni öýe gelip, kakama sereden lukman karantin astyna alynmady. Ol lukmanyň soňam goňşulara gelip, syrkawlary bejerişine şaýat boldum" diýip, adamsyndan aýrylyşyp gelen gyz aýtdy.

"Adamym ýogalansoň, gyzym bilen ýeke galdym. Ozal oglumyza pul iberemizde, iki pensiýany goşup, biraz köp pul ugratjak bolardyk. Ýöne ol puly hem, bank işgärlerine bara bermeseň, aňsat ugradyp bolmazdy. Indi diňe meniň pensiýam bar, hojalykda başga girdeji getirýän ýok, satmaga-da zadymyz galmady. Gyzym kömekleşek bolup, iki aý öň pagta ýygmaga gidipdi. Men onuň çagasyna seretmeli boldum. Dogry, ol meniñ agtygym, men oňa seretmekden ýüz öwüremok. Emma men halys garradym, hiç bir goha bolman başladym. Şonuň üçin gyzyma öýde otur-da, çagaňa seret diýdim. Biz indi kim sadaka diýip, bir döwüm çörek getirse-de almaga başladyk."

Ogulnar eje sadaka mätäç bolaryn diýip hiç wagt pikir etmändigini aýdýar.

"Okuw pulyny töläp bilmämizsoň, oglumy okuwdan çykarypdyrlar. Emma ol öýe hem gaýdyp bilenok. Biziň hökümetimiz daşarda galan raýatlary ýygnamaly bolanda, öz etmeli işini edip bilmedi. Oglum öz deň-duşlary bilen Orsýetiň bir aeroportunda ýatyp-turýarmyş, men indi näme pikir etjegimem bilemok. Bar daýanjym, bil baglan oglum eli diplomsyz, horluk baryny görüp, öýe gaýtjak bolýar. Men oňa 'aňyrda bir iş tapyp bolanokmy, oglum, işle gaýtam, bize pul iber, jigiň aýrylyşyp, öýde otyr, biziň günümiz gaty kyn, hojalykda öňki gören zatlaryñ birem galmady, bar zady satdyk' diýip, aglap gürrüň berdim. Emma oglum 'ýok, eje jan, gaýgy etme, men baryp işlärin, sizi ýanyňyzda bolup eklärin' diýär."

"Ol şu wagt bärde işlejek diýseň, iş tapdyryp durandyr öýdýär... Ýöne men boýun boldum, çagam sag-aman öýe gelse bolýar. Emma hökümet biz ýaly hojalyklaryň çagalaryny getirmeýär. Men arasynda, namazdan soň dileg edýärin... Men gyzymam alada etýärin..."

"Men mundan öň diňe gowulygyň pikirini etdim: 'oglum ýokary bilimli bolar, soň jigilerini öý-işik eder, işe salar, kakasy ikimizi bir ýerlere sanatoriýa ugradar, garygan günümizi ýaş eder' diýip, ýagşy umytda bolardym. Emma bularyň hiç biri bolmady. Indi men ýagşy umyt etmäge gorkýaryn. Oglumyň okuw puluny tölejek bolup, öýümiziň iň soňky mebeline, gap-gaçlaryna çenli satdym. Gadymy gyzyl ýüzügimi deger-degmezine satmaga mejbur boldum. Emma bank işgärleri oglumyň okuw tölegini geçirip bermediler, sebäbi menden para sorap bilmediler. Eger sorasalar hem berip biljek däldim, her günki çöregimi ölçäp iýýärdim."

Bu enäniň hakyky ady, ýaşaýan ýeri we beýleki maglumatlary Azatlygyň ýerli habarçysynda bar, ýöne olar howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

29 мая в истории Асбеста

Жители Белогорска могут пройти «Экологическое просвещение»

Чемпионат Подмосковья по рубке шашкой прошел в Электростали

Ушедшие из России компании не станут национализировать: "Речь о временном управлении"

Музыкальные новости

Генералов много, а Норат Тер-Григорьянц один!

Медведев заявил, что РФ близка к установлению отношений с талибами

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Полина Максимова стала новым амбассадором подписки Газпром Бонус

Новости России

Концерты оркестра Бутмана посмотрели более 50 миллионов китайцев

Братство кольца. Баскетбольному ЦСКА осталось два шага до чемпионства

Мемристоры помогли нейронной сети сымитировать работу мозга

Байден посетит Францию по случаю годовщины высадки союзников в Нормандии

Экология в России и мире

Генералов много, а Норат Тер-Григорьянц один!

Россиянам озвучили цены на отдых в Крыму, которые приятно удивили

Новая зубная паста Revyline ChocoWhite для укрепления эмали доступна на сайте магазина Ирригатор.ру

Новые электрические зубные щетки Revyline RL 075 Peach Fuzz появились в филиале бренда в Москве

Спорт в России и мире

Российский теннисист Сафиуллин опустился на две позиции в рейтинге ATP

Парижские сюжеты: Медведев играл в кошки-мышки, Котов творил историю, Калинская заставляла нервничать Синнера

Абсцесс остался позади // Андрей Рублев первым из игроков топ-10 вышел во второй круг

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Moscow.media

Половина свайных оснований опор моста через Каму в Перми готовы

На Ямале воспитателя детского сада будут судить за истязание малышей

Дипломатическая бизнес-встреча «Россия - Африка» прошла в Белом Особняке Villa Barvikha

Ксения Караулова: о пользе гастродипломатии и новом взгляде на национальную кухню







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *