G7 duýduryş beýanatyny taýýarlaýar, Kreml täze Putin-Baýden sammitini isleýär
Şu aralykda Kreml özüniň ýene bir Orsýet-ABŞ prezident sammitiniň geçirilmegini isleýändigini duýduryp, Moskwanyň halkara derejesindäki “gyzyl çyzyklar” diýýäninde “çynlakaý konsepsiýa tapawutlarynyň” bardygyny öňe sürdi.
"Roýters" habar gullugy duşuşygyň ikinji gününde, 12-nji dekabrda Angliýanyň Liwerpul şäherindäki diplomatik çeşmelerden alnan tekstiň nusgasyna salgylanyp, Moskwanyň dartgynlylygy peseltmäge we diplomatik kanallary ulanmaga çagyrylandygyny aýtdy.
"Russiýa Ukraina garşy mundan aňryk hem harby agressiýa etse, uly netijeler we agyr çykdajylar bilen ýüzbe-ýüz bolar" diýip, habar berilmegine görä, taýýarlanýan beýanatyň taslamasynda aýdylýar.