Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy ýurduň günortasynda harby tälim-türgenleşikleri geçirýär

Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy 20-nji dekabrda ýurduň günortasynda bäş günlük giň gerimli harby tälim-türgenleşiklere başlady diýip, döwlet telewideniýesi habar berdi. Bu waka Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly dartgynlylygyň dowam edýän mahalyna gabat geldi.


Eýranyň döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, türgenleşiklere gwardiýanyň howa giňişligi bölümi, gury ýer goşunlary we deňiz güýçleri goşulyp, harby deňiz güýçleri Hormuz bogazynda manýowr hereketlerini eder.


Bu türgenleşik, Tähranyň dünýäniň kuwwatly ýurtlary bilen ýadro şertnamasyny dikeltmek baradaky Wena gepleşiklerinden birnäçe gün soň geçirilýär.


Ysraýyl Eýranyň ýadro programmasyna garşy birtaraplaýyn hereket barada birnäçe gezek haýbat atdy.


Gwardiýanyň ýokary derejeli serkerdesi Golamali Raşid Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barjak islendik harby hereketine berk garşylyk görkezjekdigini wada berdi.


Eýran güýçleri “agressiýany amala aşyrmak üçin ulanylýan ähli bazalara, merkezlere, ýollara we giňişlige bada-bat eziji hüjüm eder” diýip, ýarym resmi “Mehr” habar agentligi Raşidiň sözlerini sitirledi.


“Sionist režim tarapyndan Eýranyň ýadro we harby bazalaryna abanýan islendik howp Birleşen Ştatlaryň ýaşyl yşyk goldawy bolmazdan mümkin däl” diýip, ol aýtdy.


Dekabr aýynyň başynda Eýranyň paýtagty Tährandan takmynan 700 kilometr günortada ýerleşýän Buşehriň ýaşaýjylary asmanda ýagty yşygy görendiklerini we “Buşehr” ýadro desgasynyň golaýynda güýçli partlamalary eşidýändiklerini habar berdiler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *