Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Türkmenistan nusgawy kleptokratiýa". "Crude Accountability" türkmen režiminiň esasy meselelerini görkezdi

Türkmenistan göreldeli kleptokratiýa bolup, döwletiň girdejileri talanýar we ýurduň prezidenti ägirt uly we peýdasyz proýektlere milliardlarça dollar harçlaýar. Bu netije "Crude Accountability" halkara guramasynyň Türkmenistan baradaky täze hasabatynda öňe sürülýär. Hasabatda ýurtdaky häzirki agyr ykdysady krizisiň maliýe serişdeleriniň näderejede manysyz ulanylandygyny subut edýändigi bellenýär.

Hasabatyň awtorlary, dünýäniň iň düşnüksiz ykdysadyýetli ýurdunyň, prezident Berdimuhamedowyň döwründe hasam ýapylandygyny belleýärler.

Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyny üýtgedip, öz-özüne garaşly etdi: Uglewodorod baýlyklaryny dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet gullugyny ýatyrdy we aç-açan bolmadyk NAPEKO atly döwlet kompaniýasyny döretdi, onuň işi, girdejisi, çykdajylary we gurluşynyň düzümi barada hiç hili maglumat çap edilmeýär diýlip, hasabatda bellenýär.

Prezidentiň maşgalasy ýurduň esasy biznes gurluşlaryna gözegçilik edýär.

Bu işe gözegçilik prezidentiň bäş uýasynyň, esasanam uly gyz dogany Durdynabadyň adamsy Annanazar Rejepowyň we ogullary Şamyradyň we Hajymyrat Rejepowlaryň elinde. Berdimuhamedowyň ogly Serdar geljekde kakasynyň ornuny almaga taýynlanýar.

Prezidentiň maşgalasynyň daşynda ýurtdaky iň täsirli adam, Nyýazow ölenden soň wezipesini dowam etdiren prezidentiň geňeşçisi Wiktor Hramowdyr. Berdimuhamedowyň nebit-gaz boýunça geňeşçisi "Areti" (öňki "Itera") kompaniýasynyň başlygy Igor Makarow hem prezidentiň ýakyn ýaranry hasaplanýar we oňa maliýe meselelerinde kömek edýär diýlip, "Crude Accountability" guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de, hasabatda türkmen režiminiň esasy aýratynlyklarynyň arasynda ygtybarly ykdysady maglumatlaryň, maliýe ulgamynda we eksport girdejilerinde aç-açanlygyň ýokdugy, repressiýalar, ne söz azatlygyna, ne-de syýasy plýuralizme ýol berilýändigi bellenýär.

Döwlet ykdysady ösüş, milli býujet, nebit we gaz girdejileri we Türkmenistanyň walýuta ätiýaçlyklary barada ygtybarly maglumatlary çap etmeýär.

Halkara maliýe guramalarynyň maglumatlaryna seredilende, 2015-nji ýylda Türkmenistanda takmynan 35 milliard dollar walýuta ätiýaçlygy bardy. Şu günki gün ýurtdaky agyr ykdysady krizis bu serişdeleriň paýhasly ulanylmandygyny görkezýär we olaryň näçesiniň galandygy belli däl diýlip, hasabatda bellenýär.

Türkmenistan girdejileriniň esasy bölegini Hytaýa edýän gaz eksportyndan alýar. Şeýle-de bolsa, geljekde Hytaýda gaza bolan islegiň nähili boljakdygy şübheli. Türkmenistan nebit we gaz eksportynyň paýyny azaltmak arkaly ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmese, ýurduň ykdysadyýeti uly howp astynda bolar.

Türkmenistanyň gaz eksportyndan alýan girdejileriniň köpüsi Frankfurtda ýerleşýän “Deuche Bank” -daky hökümet hasabyna gidýär. "Deuche Bank", dünýädäki iň erbet syýasy režimleriniň biriniň baş bankiri wezipesini adam hukuklary we korrupsiýa garşy kampaniýalar bilen ara alyp maslahatlaşmakdan yzygiderli ýüz öwürýär.

Korrupsiýa we režimiň repressiwdigine garamazdan, köp kompaniýalar henizem Türkmenistanda söwda etmäge synanyşýarlar.

Olardan iň öňdebaryjy "Polimeks", "Bouygues", "Calik Holding", "Itera"/"Areti" - prezident bilen ýakyn gatnaşyklar sebäpli üstünlik gazandy diýlip, "Crude Accountability" guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de, hasabatda syýasy repressiýalar we olaryň pidalary barada aýdylyp, "Azyndan 95 adam, köpüsi öňki wezipeli adamlar, daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamazdan türkmen türmelerinde saklanýar.

Hasabatda olaryň diridigi ýa-da däldigi belli däl" diýilýär.

Hasabatyň awtorlary Türkmenistan - göreldeli kleptokratiýa bolup, Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty ondan öňki Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultyndan pes däl we ähli zady başarýan döwlet howpsuzlyk gullugy başgaça pikirlileriň, söz azatlygynyň we syýasy plýuralizmiň başlangyçlaryny basyp ýatyrýar diýen netijä gelýärler.

Turkmenistanly synçy Serdar Aýtakow hasabatdaky maglumatlaryň Türkmenistanda korrupsiýanyň gerimini anyk deliller bilen görkezýändigini belleýär.

"Öň il içinde diňe aşhanalarda we myş-myş görnüşinde gürrüň edilen zatlar hakda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu jikme-jiklikler geň galdyryjy. Korrumpirlenen gurluş türkmen ykdysadyýetiniň iň girdejili pudaklarynyň müçesini gysyp aldy, krizis döwrüniň ähli ýüklerini ýönekeý halkyň egnine atdy. Adamlaryň ähliumumy abadançylygy we döwletiň kuwwaty baradaky şygarlaryň arkasynda gizlenýän türkmen häkimiýetleri, has dogrusy, prezident Berdimuhamedow ilki bilen öz töwerek-daşy, has takygy öz garyndaşlary üçin girdeji çeşmesini guramalaşdyrdy" diýip, synçy Aýtakow aýdýar.

Bilermen türkmen jemgyýeti üçin häkimiýetde bolup geçýän ýagdaýlardan habarly bolmadygyň diýseň möhümdigini belleýär.

"Parahor emeldarlar tarapyndan alnan pullar Türkmenistanyň halkyna degişlidir. Ogurlanan pullar - pensiýa, aýlyk, durmuş ýeňillikleri, lukmançylyk we bilim, şäheri abadanlaşdyrmak ýaly zatlardyr. Jemgyýetiň munuň arkasynda duranlary bilmegi möhümdir" diýip, Serdar Aýtakow aýdýar.

Gaza baý Türkmenistanda soňky dört ýylda hasam agyrlaşan ykdysady krizis zerarly ilatyň esli bölegi garyplyga uçrady, halk köpçüligi azyk ýetmezçiligine duçar boldy, maliýe krizis adamlary öz aýlyklaryny almakda kösençlige sezewar etdi, häkimiýetleriň emeli gadagançylyklary we koronawirus pandemiýasy ilatyň esli bölegini işsiz galdyrdy we gazanç üçin ýurduň daşyna gitmek mümkinçiliginden mahrum etdi.

Türkmenistan ýyllarboýy halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň korrumpirlenen döwletleriniň hatarynda agzalýar. Türkmen resmileri ýurda halkara derejesinde berilýän bu bahalara şu çaka çenli resmi taýdan reaksiýa görkezmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Москве женщина погибла от удара током в подъезде

В России домашним животным предлагают присвоить идентификационные номера

Международный театральный фестиваль «У Троицы» пройдет в Подмосковье

Минтранс Подмосковья проведет серию вебинаров 5 июня

Музыкальные новости

Песков: Москва и Пекин намерены продолжать диалог по поставкам газа

В Тульской области продолжается культурный проект «Классика: история и современность»

Здравый смысл против дезинформации официозной пропаганды

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Новости России

В Подмосковье обустроили 176 пешеходных маршрутов с января

Группировка «Север» за сутки нанесла поражение пяти бригадам ВСУ

Купол оранжереи усадьбы Покровское-Стрешнево восстановили

Международный театральный фестиваль «У Троицы» пройдет в Подмосковье

Экология в России и мире

Условно разрешенные виды использования земельных участков

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Российский лоукостер запустил рейсы в Анталию из Махачкалы

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Спорт в России и мире

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Moscow.media

Вечернее поле.

У «Грузовичкоф» появился чудесный чудик

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *