ABŞ Türkiýede pasport satmakda gümän edilýän amerikalynyň diplomat däldigini aýdýar
Stambul polisiýasynyň maglumatyna görä, bu adam diňe “D.J.K.” diýlip, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary bilen tanadyldy. Ol geçen aý bir siriýaly pasportyny Germaniýa gitmek üçin ulanmaga synanyşandan soň, Stambulyň halkara howa menzilinde tussag edildi.
Türk häkimiýetleri ol diplomatyň Liwanyň Beýrutdaky ABŞ ilçihanasynda işleýändigini aýtdylar.
Döwlet departamentiniň resmisi AÝ/AR-nyň elektron poçta arkaly beren soragyna ABŞ raýatynyň Türkiýede tussag edilendigini bilýändigini, ýöne ol şahsyň “ABŞ diplomaty däldigini” aýtdy. Ýöne ol Döwlet departamentiniň “degişli konsullyk hyzmatlaryny edýändigini” aýdyp, bu mesele barada jikme-jik maglumat bermedi.
Polisiýa ol adamyň Stambul howa menzilinde diplomatik pasportyny bermezinden öň soň ol pasporty ulanmaga synanyşan siriýaly bilen eşiklerini çalyşýan pursatynyň wideo ýazgysynyň bardygyny aýtdy.
Polisiýanyň beýanatynda aýdylmagyna görä, ol adam konwertde 10 000 dollar alyp barýan wagtynda tussag edildi we bendilikde saklanýar. Siriýaly kazyýet işine çenli goýberildi.
Daşary ýurt diplomatlarynyň akkreditirlenen ýurtlarynda eldegrilmesizligine garamazdan, olar beýleki ýurtlarda jogapkärçilige çekilip bilýär.
Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda, Ankaranyň rus goranyş ulgamlaryny satyn almagy we Siriýa syýasatyndaky düşünişmezlikler ýaly, birnäçe meselede dartgynlaşdy.