Wenada ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça gepleşikler başlaýar
Ýewropa Bileleşiginiň diplomaty Enrikue Mora geçen hepde Twitter hasabynda gepleşikleriň senesini yglan etdi we bar bolan meseleler boýunça öňe ilerlemegiň zerurdygyny belledi.
Gepleşikleriň noýabrda başlanaly bäri, häzire çenli uly öňe gidişlikleri gazanmak başartmady.
Hytaýyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Russiýanyň diplomatlary Eýran bilen gönümel gepleşikleri geçirýärler. Birleşen Ştatlar gepleşiklere gytaklaýyn gatnaşýar.
Eýranyň daşary işler ministri ýewropaly diplomatlaryň “täze praktiki başlangyçlary hödürlemändigini” we ozalky tapgyr gepleşikleriň konstruktiw bolmandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ýewropaly diplomatlar “ýoluň uly ýygjamlyk bilen soňa golaýlaýandygyny” duýdurýarlar.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Sulliwan geçen hepde çykyş edip, ylalaşygy dikeltmek boýunça tagallalaryň öňümizdäki “hepdeleriň” içinde synyp biljekdigini aýtdy.