Ukraina üstündäki dartgynlygyň güýçlenmegi netijesinde, Baýden ýene Putin bilen gepleşer
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen gepleşikleriň öňüsyrasynda, Waşington bilen Moskwanyň arasynda netijeli dialogyň bolup biljekdigine “ynanýandygyny” aýtdy.
Ukraina bilen aradaky serhet ýakasynda jemlenen rus goşunlary we Moskwanyň NATO-dan düýpli howpsuzlyk kepillendirmelerini talap etmegi bilen güýçlenen dartgynlyklar arasynda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 30-njy dekabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýene-de bir gepleşik geçirer.
Iki lider “Russiýa bilen ýakyn wagtda boljak diplomatik gatnaşyklary öz içine alýan birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşar" diýip, Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Emili Horne 29-njy dekabrda bu gepleşik baradaky habary yglan edende aýtdy.
Kremliň Putiniň dünýä liderlerine 30-njy dekabrda iberen baýramçylyk arzuwlaryndan çykarýan netijelerine görä, Russiýanyň prezidenti “özleriniň özara hormat goýmak we birek-biregiň milli bähbitlerini sylamak esasynda öňe süýşmek we netijeli rus-amerikan gepleşiklerini gurup bilmek mümkinçiligine ynanýar".
Bu gepleşik ABŞ we rus resmileriniň 10-njy ýanwarda Ženewada ýaraglara edilýän gözegçiligi we Ukraina üstünde ýokarlanan dartgynlygy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin taýynlyk görýän wagtynde geçirilýär.
Bu iki lideriň arasynda dekabr aýynda geçirilen ikinji wideogepleşik bolar, Baýden şu aýyň başynda moskwaly kärdeşine rus goşunlary Ukraina hüjüm eden ýagdaýynda ýüzbe-ýüz boljak "gazaply netijeleri" barada duýduryş beripdi.
Baýden Putine Birleşen Ştatlaryň "diplomatiýa we diplomatik ýol-ýörelge üçin taýýardygyny" aýdar diýip, adminstrasiýanyň uly derejeli resmisi žurnalistlere aýtdy. "Ýöne biz, eger-de Russiýa Ukrainany basyp almak üçin ilerlese, gaýtawul bermäge hem taýýar" diýip, resmi aýtdy.
Liderleriň arasynda geçirilen soňky gepleşikden bäri Kreml ABŞ we onuň ýaranlary tarapyndan ret edilmek ähtimallygy uly bolan talaplaryň sanawyny köpçülige ýetirdi.
Olar NATO-nyň bir wagtlar Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolan Ukraina we Gürjüstan ýaly ýurtlary, täze agza döwletleri hökmünde, öz hataryna kabul etmezligi baradaky çagyryşy hem öz içine alýar.
Beýleki talaplar bilen bir hatarda, Moskwa NATO-nyň serhet ýakasyndaky harby türgenleşikleri togtatmagyny, Merkezi we Gündogar Ýewropadaky harby berkitmelerini yza çekmegini isleýär.