Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AÝ/AR-nyň prezidenti 'daşary ýurt agentleriniň' sanawynyň uzaldylmagyny ýazgardy

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý AÝ/AR bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň "daşary ýurt agentleriniň" sanawyna girizilmegini ýazgardy.


“Şu gün AÝ/AR-yň iki žurnalistiniň atlarynyň  "daşary ýurt agentleriniň "sanawyna goşulmagy bilen, Radio bilen hyzmatdaşlyk edýän ruslaryň arasynda bu tagma bilen tagmalanan adamlaryň sany 18-e ýetdi. Bu görlen çäreler bizi rus auditorisýasy üçin alyp barýan işimizi bes etmäge mejbur edip bilmez" diýip, Flaý aýtdy.


Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň sosial ulgamlar boýunça redaktory Iwan Belýaew,  "Sewer.Realii" neşiriniň žurnalisti Ýelena Wladykina,  Birinji telekanalyň başlygynyň ozalky orunbasary we Orsýetiň Jemgyýetçilik palatasynyň ozalky agzasy Marat Gelman, "New York Times" gazetinde makalalary bilen çykyş edýän Wiktor Şenderowiç,  "Holod" žurnalynyň baş redaktory Taýsiýa Bekbulatowa, "Pussy Riota" gatnaşyjylar Nadýa Tolokonnikowa we Weronika Nikulşin, ýaroslawlly kino telekeçisi we "Nebit" kinoklubynyň esaslandyryjysy Andreý Alekseýew dagy 30-njy dekabrda "daşary ýurt agentleriniň" sanawyna goşuldy.


Tolokonnikowa Facebookda öz makalalaryny talap edilýän bellik bilen bellemek islemeýändigini we bu karara garşy çykjakdygyny ýazdy.


Andreý Alekseýew "Možem obýasnit" telegramm kanalyna beren interwýusynda Adalat ministrliginiň sanawyna girizilmek ähtimallygy barada sentýabr aýyndan bäri resmi däl habarlary  alyp gelendigini aýtdy.


"Biz Germaniýanyň Fridrih Naumann gaznasy bilen hyzmatdaşlykda kino görkezýändigimizi  hiç haçan gizlemedik, bu barada elmydama aç-açan gürrüň etdik" diýip, telekeçi aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *