Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

H.Hally: Halk bu ýagdaý bilen kanagatlanmaz, öz pikirini aýdar

Rus häkimiýetleriniň dekabrda ýurduň baýry adam hukuklary guramasyny, “Halkara Memorialy” we adam hukuklaryny goraýan Memorial merkezini ýatyrmak barada gelen karary, halkara jemgyýetiçiligi bilen birlikde, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen aktiwistleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň içindäki we daşyndaky raýatlaryň hem köpüsinde alada döretdi. Şu aralykda Orsýetiň Konstitusiýa kazyýetiniň başlygynyň ýurtda ölüm jezasynyň dekeldilmek ähtimallygyny ýaňzydandygy habar berildi. Azatlyk bu wakalary ýakyndan yzarlaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen Orsýetde bolýan wakalaryň türkmen reallyklaryna ýetirip biljek täsirleri barada pikir alyşdy.

Azatlyk: Orsýet soňky 30 ýylda öňki sowet ýurtlarynyň arasynda, Stalin döwrüniň repressiýa syýasatyny dokumentler esasynda paş etmekde iň öňe saýlanan ýurt boldy; hut rus dilinde elýeterli bolan arhiw dokumentleri, geçirilen barlaglar we ýazylan işler sowetleriň türme tejribeleri, adam aňyna gözegçilik ýa kontrollyk etmek, raýatlary uludan-kiçä ýokardan dolandyrylýan tabyn mähellä öwürmek synanyşyklary barada, alyp biljeklere juda kän maglumat berdi. Rus häkimiýetleriniň ýurduň iň uly adam hukuklary guramalaryna uran zarbasy, siziňçe, soňky 30 ýyldan gowrak wagtda diýdimzorlyga, repressiýa garşy edilen işleriň puja çykmagyna getirermi?

Hudaýberdi HALLY: Rus resmileriniň “Memorial” merkezini ýapmagy hem-de “daşary ýurt agentleri” diýip, žurnalistlere basyş etmegi, erkin pikirleri basyp ýatyrmagy ýaly çäreleri edilen işleri puja çykaryp bilmez, ol işler eýýäm bar, ol işler halkyň elinde hem aňynda, ýöne şol çäreler geljekdäki ediljek işleriň öňüne berk böwet basar. Meseläniň şol tarapy kyn. Bizde käbir derejede birnäçe iş edildi. Meselem, diňe bir Staliniň 37-däki tutha-tutlugy däl, adamlaryň aňyna zarba urmak, adamlary diňe bir pikire uýgunlaşdyrmak syýasaty öňräkden başlandy. Ynha, Dähle guýusynda bolup geçen heläkçiligi ýatlasak, şol ýerde ýüzlerçe ýaragsyz hem günäsiz adamlary hiç bir sebäpsiz atyp öldürdiler. Şol adamlary atan adamyň ýaş sowet ofiseri Ýakup Kulyýewdigini merhum žurnalist Amanmyrat Bugaýew birnäçe gezek öz çykyşlarynda aýtdy. Öň, sowetler döwründe Türkmenistanda oňa ýadygärlik goýuldy, häzirki Ýolöten etrabynda onuň ady ebedileşdirildi. ‘Ýakup Kulyýew iň görnükli hem ilkinji türkmen generaly’ diýilýärdi. Şol adamyň elinde şeýle günäsiz adamlaryň ganynyň bardygy aýan boldy.

Türkmenistanda şeýle heläkçilikleriň birnäçesi bolup geçdi. Şeýle işleriň geljekde açylmagyna, olaryň aýan edilip, hakykatyň halka ýetirilmegine “Memorial” ýaly guramalaryň ýapylmagy päsgel berer. Sebäbi Türkmenistan her bir işinde hem meselede Orsýetden görelde alýar. Näme üçindir, Türkmenistan özbaşdaklygyny gazanandan soň, Baltika döwletleri mysaly, gowy ösüş ýoluna düşen döwletler ýaly, progressiw ýoly saýlap alman, diňe Russiýa eýerdi, Moskwanyň diýjek sözüne garaşly ýagdaýa düşdi.

Azatlyk: Siz Amanmyrat Bugaýewiň eden işlerini gowy ýatladyňyz. Amanmyrat aga türkmen häkimiýetleri bilen gapma-garşylyga düşenden soň arhiwleri, elýeterli bolan materaillary öwrenmäge köp wagtynyň bolandygyny, şonuň birlikde özüni tapmaga, öz halkynyň taryhyny has içgin öwrenmäge wagtynyň bolandygyny aýdýardy. Onuň yzynda bu temalardan birnäçe çap edilmedik kitaby galdy. Ýöne şu geçen ýylyň dowamynda rus metbugatynda çykan makalalaryň käbirinde Orsýetiň käbir meselelerde Türkmenistanyň deňine düşmek ähtimallygy barada gürrüň edildi.

Türkmen häkimiýetleri sowet döwründäki döwlet terrory baradaky maglumatlaryň öwrenilmegini 30 ýyllyk garaşsyzlygyň birinji ýarymynda, Gorbaçýowyň aç-açanlygynyň yz ýanynda, ilkinji prezident S.Nyýazow döwründe togtatdy. Ikinji prezident döwründe bolsa, Nyýazow döwründe bellenen Hatyra güni hem ýatyryldy. Eýsem, Orsýet, Ýewropa ýurtlary, günbatar bilen Türkmenistana garanda has köp gatnaşyk saklaýan ýurt adam hukuklary we azatlyklary boýunça Aşgabadyň ulanýan çäklendirmeleriniň derejesine düşüp bilermi?

H. HALLY: Bu, belki-de, mümkin. Bu ýerde bir geň ýagdaý bar, Türkmenistanyň ýagdaýyna köp derejede ýaňsyly seredýärler, Türkmenistanyň üstünden gülýärler. Şol wagtyň özünde-de öňki Sowet Soýuzyna giren döwletleriň liderleri Türkmenistana meňzemäge, ony gaýtalamaga çalyşýarlar.

Meselem, Saparmyrat Nyýazow özüne “Türkmenbaşy” diýen ady alanda, onuň üstünden güldüler, şol döwürde ol at nähilidir ýaňsyly gülkini döretdi. Ýöne soňy bilen ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň biri hasaplanýan Gazagystan şol göreldä eýerdi. Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüne “elbasy” diýen ady aldy. Şonuň yz ýany Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon hem “halkyň lideri” adyny aldy. Eger-de, S. Nyýazow diňe şol atdaky pasport bilen çäklenen bolsa, soňky prezidentler şol atlary ýurduň Konstitusiýasynda esaslandyrdylar, ýagny şony kanuny taýdan özüne aldylar hem birnäçe artykmaçlyklary şonuň üstüne goşdular. Olar S. Nyýazowdan has öňe gitdiler.

Özüne ýadygärlik galdyran ilkinji adam S. Nyýazow boldy. Häzir görsek Gazagystanda N. Nazarbaýew özüne birnäçe ýadygärlik gurdurdy, şonuň bilen birlikde ençeme okuw jaýlaryna öz adyny dakdyrdy, hatda Gazagystanyň täze paýtagtyna-da N. Nazarbaýew öz adyna geçirip, oňa Nursultan diýdirdi. Şolar ýaly ägirt uly gaýtalanmalar boldy.

Şeýle syýasatyň Orsýete-de öz täsirini ýetirmegi mümkin. Bellemeli ýene bir mesele, Türkmenistanda ‘halk maslahaty’ diýilýän gurama bardy, şol guramany Gyrgyzystan häzirki döwürde özüne aldy. Häzirki täze prezident saýlanandan soň, Gyrgyzystanam Türkmenistanyň göreldesine eýerdi.

Russiýa barada aýdylanda, Orsýete-de şeýle syýasat gaty ýaraýan bolmaly. Sebäbi Türkmenistanda bir adam näçe gezek prezidentlige saýlanýar, ol öz ýanyna kimleri alýar – halkyň ol meseleler bilen işi bolmaly däl, halk ol barada proteste çykyp bilenok, şeýle syýasat Russiýanyň liderine-de gaty ýaraýan bolmaly. Olaram şu usuly saýlap almak isleýärler. Bu gaty geň bolsa-da, beýleki liderlere häkimiýeti bir ele almak meselesinde, Türkmenistanyň ýaramaz hem ýiti täsiri bar.

Azatlyk: Bu ýagdaýlar birleşip, Türkmenistana nähili täsir ýetirer? Sebäbi Aşgabat soňky ýyllarda, ykdysady kynçylyklary we özüni çetleşdirmegi bilen baglylykda, Moskwa has kän garaşly bolýar diýen pikirler aýdylýar. Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň geljek ýylda esasy halkara habar agentlikleri bilen has kän hyzmatdaşlyk etjekdigi aýdylýar. Eger ýurtda daşary ýurtly habarçylar açyk işläp bilse, Türkmenistan türme we beýleki hukuk bozulmalary baradaky maglumatlary gizlin saklap bilermi?

H. HALLY: Bu meselede Türkmenistan “öz ýoluny saýlar” diýen pikirim bar, şu wagta çenli şeýle ýörelgeler bolup geldi. Ol gönüden-göni Orsýetiň täsirinde bolar. Soňky berlen maglumatlara görä, Russiýa Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy. Munuň özi düýpli syýasy meseleler bilen baglanyşykly. Sebäbi Russiýa bütin Merkezi Aziýany – şol sanda Türkmenistany öz täsirindäki toprak hasap edýär, şol täsirini güýçlendirmek üçin, Türkmenistany özüne ykdysady taýdan bakna etmäge çalyşýar. Ol syýasat babatynda-da şeýle.

Ýokarda seniň aýdyp geçişiň ýaly, ine, Hatyra güni ýetip gelýär. Ýöne Türkmenistanda Hatyra güni bellenmeýär, sebäbi rus kolonial syýasatynyň Türkmenistana uran zarbasy barada gürrüň etmek gadagan, rus kolonial goşunlarynyň Türkmenistandaky günäsiz, ýaragsyz adamlary atyp öldürendigi baradaky gürrüňleri aýtmak gadagan. Sebäbi Türkmenistan gönüden-göni Russiýanyň täsirinde bolýar. Şoňa baglylykda, dünýä habar beriş serişdeleri meselesinde-de ýagdaý şeýle bolarmyka diýýän. Sebäbi bu meselä häzirki döwürde Russiýada gaty ýowuz çemeleşilýär. Daşary ýurt metbugatyna, daşary ýurt habar serişdelerine maglumat berýän adamlara Russiýa ýowuz daraşýar. Şeýle ýowuzlyk Türkmenistanda-da bolar.

Muňa garamazdan, başga bir mesele bar, ol halkyň güýji, halk öz içinden güýçli adamlary çykarmak, öz pikirini aýan etmek bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, meselem, bir habarçynyň sesini sem etmek mümkin, onuň ornuna täze habarçylar döreýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda özara gatnaşyklar ösýär, dünýä derejesinde bolup geçýän wakalara [halkyň] göz ýetirmek islegi gaty ýokary, şonuň üçinem halk bu ýagdaý bilen kanagatlanyp oturmaz, öz pikir-arzuwyny, öz talaplaryny hem ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirer diýip tama edýän.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Изменения в проведении земляных работ поможет сэкономить стройбизнесу Москвы

Адвокат Калиничева рассказала, как разделят наследство Анастасии Заворотнюк

Жители Подмосковья могут поучаствовать в выборах «Культурной столицы года»

Чтобы не путали. Где находятся и чем отличаются Алтайский край и Республика Алтай?

Музыкальные новости

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Хозяйка «голой» вечеринки Анастасия Ивлеева открывает в Москве азиатский ресторан

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Новости России

Подмосковная Система-112 приняла свыше 2 тысяч заявок о пале травы с марта

FT: экспорт газа в ЕС у "Газпрома" не вернется к докризисным уровням до 2035 года

Депутат Мособлдумы Андрей Голубев передал лекарства для бойцов СВО

Где Сила Сибири-2? Рынок ТБД ждет реализации крупных проектов магистральных трубопроводов

Экология в России и мире

Слушатель из Смоленска выиграл на «Авторадио» «Москвич 3»

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Это вовсе не только Питер: названы 15 городов России, куда можно поехать на белые ночи

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Спорт в России и мире

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Moscow.media

Талантливый актер и неугомонный скандалист - несчастная судьба и ранний уход Николая Сектименко

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

На утре.

Военные следователи продолжают оказывать гуманитарную помощь военнослужащим, находящимся в полевых госпиталях







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *