Ysraýyl türkmen prezidentini sapara çagyrýar
Maglumata görä, ysraýyl döwlet baştutany türkmen prezidentine iberen Täze ýyl gutlagynda iki ýurduň arasyndaky “hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin” Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi sapar bilen Ysraýyla çagyrdy.
Has ozal, 14-nji dekabrda ýarym-resmi neşir Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňümizdäki ýyl Eýrana sapar etmegine garaşylýandygyny habar berdi.
Türkmenistan bilen Ysraýyl 1993-nji ýylyň oktýabr aýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Türkmenistandaky ilkinji ysraýyl ilçisi 2013-nji ýylyň iýun aýynda öz işine başlady.