Putin, Erdogan Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryny ösdürmegi wada berýär
Putin we Erdogan “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy gözden geçirdiler we Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi tutanýerlilik bilen dowam etdirmegi ýene bir gezek tassykladylar” diýip, 2-nji ýanwarda Kreml aýtdy.
“Taraplar global meselelere, şol sanda Russiýanyň howpsuzlygyny kepillendirjek kanuny ylalaşyklaryň taýýarlanylmagy barada soňky tekliplere, Günorta Kawkazdaky ýagdaýlara hem-de Siriýa we Liwiýa krizislerini çözmek tagallalaryna degip geçdiler” diýip, beýanat aýtdy.
Türkiýäniň Aragatnaşyk müdirligi telefon söhbetdeşliginiň gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.
“Ähli ugurlarda Türkiýe-Russiýa hyzmatdaşlygyny tutanýerli ösdürmegi ýene bir gezek tassyklan duşuşykda sebit we halkara meseleler, şol sanda Kawkaz ýurtlary, Siriýa we Liwiýa maslahat edildi” diýip, türk tarapy aýtdy.