Baýden Zelenskiý bilen telefonda gürleşip, eger Russiýa Ukraina çozsa, ýaranlar bilen aýgytly hereket etmegi wada berdi
“Baýden Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine Birleşen Ştatlaryň ygrarlylygyny ýene bir gezek tassyklady” diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki beren beýanatynda aýtdy.
Şeýle-de, olar öňümizdäki hepdeden başlap, diplomatiki tagallalara hem goldaw beýan etdiler.
Zelenskiý "sarsmaz" ABŞ goldawyna Ukrainanyň ýokary baha berýändigini aýdyp, Baýden bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde “Ýewropada parahatçylygy saklamakda, dartgynlygyň öňüni almakda, reformalar we oligarhsyzlaşma boýunça” ABŞ, Ukraina we beýleki ýaranlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.
Bu telefon söhbetdeşligi Ak tam Russiýanyň Ukraina serhedinde goşun toplamagyna üns gönükdirmäge synanyşýan mahaly Baýden bilen Zelenskiýniň arasynda soňky üç hepdäniň dowamynda geçirilen ikinji telefon söhbetdeşligi boldy.
Baýden geçen hepde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşip, eger Russiýa Ukraina çozuş amala aşyrsa, Birleşen Ştatlaryň ýaranlar bilen Russiýa garşy ýiti sanksiýalary girizjekdigini aýtdy.