Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda dollaryň "gara nyrhy" ýene ýokarlanýar

Türkmenistanda dollaryň

Täze ýyl Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň bahasynyň ýene ýokarlanmagy bilen başlandy. Daşary ýurt walýutasynyň resmi hümmeti üýtgewsiz galýan wagtynda, gara bazarda dollaryň hümmeti 10% -den gowrak ýokarlandy. Azyk önümleriniň gymmatlamagy hem dowam etdi. Azatlygyň habarçylary ýurduň gündogaryndaky we paýtagtdaky ýagdaýlar barada habar berýärler.

Täze ýylyň başlamagy bilen, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary ýerli gara bazarda dollaryň alyş-çalyş hümmetiniň 19-dan 22.5 manata çenli ýokarlandygyny bilip galdylar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, bahalar üç günüň dowamynda ýokarlandy. 31-nji dekabrda bir amerikan dollary häzirkisinden 3,5 manat arzan satyn alyp bolýardy.

Bu aralykda azyk önümleriniň bahasy ýene ýokarlandy. Ösümlik ýagy ortaça 30% gymmatlady. Hususan-da, ýerli dükanlarda we bazarlarda daşary ýurtdan getirilýän ösümlik ýagynyň häzirki bahasy litr üçin 47 manada ýetýär. Täze ýyldan öň bu önümiň bahasy 35 manatdy.

Ýerli önümler hem gymmatlady. Unuň, çöregiň, pagta ýagynyň we ýumurtganyň bahalary ortaça 30% -den 50% -e çenli ýokarlandy. Ýerli bazarlarda bir towuk ýumurtgasynyň bahasy 3-den 4,5 manada çenli galdy.

Gurluşyk materiallarynyň we durmuş harytlarynyň bahasy üýtgedi.

Paýtagtda sebitlerdäki ýagdaý bilen deňeşdirilende azyk önümleriniň bahalary we görnüşleri ilat üçin has amatly.

"Teke bazarda" ýurtda öndürilýän etiň bir kilogramy 70 manada satylýar. Mundan başga-da, käbir ýerlerde import edilýän doňdurylan et arzan bahadan satylýar. Adatça irden sagat 8-den 9-a çenli satylýan bu etiň bir kilogramynyň bahasy 35 manat. Ýerli ilat muny "bloçnyý et" diýip atlandyrýar. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 3-nji ýanwarda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, arzan etiň satylýan wagty uzyn nobatlar bolýar we bir sagatdan uzaga çekmeýär. Bu et hemmä ýetmeýär. Bir söwda nokady günde on gutydan köp satmaýar. Şol bir wagta bazarda bir kilogramy 70 manatdan satylýan et hemmä elýeterli däl. 

Etiň häkimiýetler tarapyndan düzgünleşdirilýän bahasy dekabr aýynyň ikinji ýarymynda ep-esli ýokarlandy. Bahanyň 35-den 70 manata çenli iki esse ýokarlanmagyndan soň ol häzirlikçe üýtgewsiz galýar. Etiniň her kilogramy 70 manat derejesindäki nyrh döwlet tarapyndan kesgitlenýär we bu ýurduň Merkezi bankynyň resmi kursuna görä, 20 dollara barabar bolýar.

Soňky hepdelerde Türkmenistanda subsidirlenen azyk önümleriniň bahalary hem üýtgedi. Hususan-da, ösümlik ýagy we şeker tas iki esse gymmatlady.

Dowam edýän ykdysady çökgünlik sebäpli, Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplügi subsidirlenen bahadan çäkli mukdarda satylýan subsidirlenen azyk önümlerine baglydyr. Ýaşaýjylara iýmit paýlary öýlere eltilip satylýan paýtagtdan tapawutlylykda sebitlerde subsidirlenen bahalardan satylýan önümler uzak wagtlap satylmaýar diýen ýaly.

Dört ýyl bäri ýurduň ýaşaýjylary çörek we un ýaly esasy azyk önümlerini satyn almakda uly kösençlikleri başdan geçirýärler, uzyn nobatlarda durmaga mejbur bolýarlar. Oba ýerlerine subsidirlenen bahadan iýmit birnäçe aýlap eltilmeýär. Bu ýagdaý azyk önümleriniň täjirçilik bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň fonunda bolup geçýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Baza: вдову Гайдая Нину Гребешкову госпитализировали в Москве

Lada Granta с японским «автоматом» подорожала в России

Российским поставщикам ограничили доступ ко Всемирной продовольственной программе ООН

Газпромбанк предложил решения для развития и поддержки МСБ на бизнес-завтраке в Казани

Музыкальные новости

Младшая дочь Заворотнюк пришла на ее могилу с отцом Чернышевым

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Олег Эйдельштейн добился признания сыном Жириновского из-за наследства

Эксперты рассказали, в каких городах РФ можно найти недорогое жилье на лето

Новости России

Адвокат объяснила, как будет поделено наследство Заворотнюк

В Подмосковье врачи удалили пациентке кисту с волосами и костями черепа

Такая лотерея. Чешская MND под давлением Великобритании выкупит оставшиеся акции Газпрома в операторе ПХГ Дамборжице

«Эфко» вложила 1,3 млрд рублей в разработку сладкого белка и готовит выпуск мировой инновации

Экология в России и мире

Befree запускает сайт для поиска талантов

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

Условно разрешенные виды использования земельных участков

Спорт в России и мире

Теннисистка из Пятигорска вышла в четвёртый круг турнира Большого шлема

Осталась в одиночестве: Андреева победила Грачёву и вышла в четвертьфинал «Ролан Гаррос», Медведева остановил де Минор

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Moscow.media

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

RooX UIDM защитит от перехвата токенов

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *