Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dünýäde gündelik COVID-19 hadysalarynyň sany ilkinji gezek iki milliondan geçdi

Dünýäde gündelik koronawirus ýokuşan adamlaryň sany pandemiýa başlanaly bäri ilkinji gezek iki milliondan geçdi diýip, Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) habar berdi. Şeýle-de gurama bir günde bu wirusdan ýedi müň näsagyň ýogalandygyny aýdýar.


Birleşen Ştatlarda 4-nji ýanwar güni, pandemiýa başlanaly bäri ilkinji gezek bir günde bir milliondan gowrak COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy,  bu birnäçe gün ozalky gündelik derejeden iki esse köp adama wirus ýokuşandygyny aňladýar.


Dünýäde koronawirus näsaglarynyň sanynyň köpelmegi ilkinji gezek Günorta Afrikada ýüze çykarylan “omikron” görnüşi bilen baglanyşykly hasaplanýar.


Lukmanlar wirusyň täze wariantynyň has ýokançdygyna we waksina sanjymlaryny alanlara hem  ýokuşyp biljekdigini aýdýarlar.  Ýöne bu keseliň geçişi ýeňil we näsaglaryň hassahanalara ýerleşdirilmegi zerur bolmaýar.


Dünýäde pandemiýa döräli bäri ýüze çykarylan COVID-19 hadysalarynyň sany boýunça ABŞ birinji ýerde durýar. Ol ýerde bu kesel 56 milliona golaý adama ýokuşdy. Ikinji ýerde 35 milliondan gowrak hadysanyň hasaba alnan ýurdy Hindistan bolsa, üçünji orunda Braziliýa durýar. Bu ýurtda 22 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi.


Azatlygyň habarçylarynyň berýän keselçilik we ölüm habarlaryna garamazdan, Türkmenistan dünýäde hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk ýurtlaryň biri bolmagyna galýar. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *