Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tokaýew güýçlenýän protestlere garşy "berk" çäre görjekdigini aýtdy

Merkezi Aziýa ýurdundaky anti-hökümet demonstrasiýalarynyň güýçlenmegi bilen, Gazagystanyň esasy şäherleriniň birnäçesinde demonstrantlar we howpsuzlyk güýçleri çaknyşansoň, prezident Kasym-Žomart Tokaýew "mümkin boldugyça berk çäre görmek" niýetini mälim etdi.


"Prezident hökmünde, men raýatlarymyzyň howpsuzlygyny we asudalygyny goramaga, Gazagystanyň bitewiligi barada alada etmäge borçly" diýip, ol 5-nji ýanwarda, energiýa bahalarynyň birden ýokarlanmagy netijesinde gazaba çykan, korrupsiýa, işsizlik we aýlyk haklarynyň pes bolmagy sebäpli birnäçe şäherde propeste toplanan mähelle köçelerde polisiýa işgärlerini we esgerleri kowalap başlanyndan soň, telewideniýede berlen çykyşynda aýtdy.




Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda ýüzlerçe demonstrant, käbiri rezin taýak, dürre we galkan bilen ýaraglanan protestçiler polisiýa işgärleriniň ulanýan göz ýaşardyjy gazlaryna, sesli granatlaryna we rezin oklaryna garamazdan, şäher häkimliginiň binasyna reýd geçirdi, binada ýangyn turandygy habar berildi.


Almaty polisiýasynyň başlygy tarapyndan "ekstremistler we radikallar" hökmünde häsiýetlendirilen demonstrantlar, habarlara görä, dolandyryjy Nur-Otan partiýasynyň baş edarasyndan tüsse burugsaýan mahaly günorta-gündogar şäherdäki prezident rezidensiýasyna girmäge synanyşdylar.


Aragatnaşyk gözegçileri internetde  internetiň "ýurt derejesinde" öçürilendigini habar berdiler, Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri bolsa internet we telefon hyzmatlarynyň ep-esli derejede ýaramazlaşandygyny aýtdylar.




Tokaýew 5-nji ýanwarda hökümeti işden boşadyp, üç gün öň ýurduň günbataryndaky Mangustau  sebitinde ýangyç bahalarynyň birden gymmatladylmagy netijesinden başlanan garşylyk tolkunynyň öňüni almak maksady bilen, Gazagystanyň käbir ýerlerinde, şol sanda Almatyda we paýtagt Nur-Soltanda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.


Demonstrasiýa soňra derrew Gazagystanyň ähli ýerine ýaýrady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *