KHŞG gatyşmalarynyň çäginde, Russiýa Gazagystana goşun iberýär
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýüze çykan bidüzgünçiliklerde daşary ýurtlarda tälim alan "terrorist" toparlary günäkärledi, ýöne Merkezi Aziýanyň nebite baý post-sowet ýurdunda dörän dartgynly ýagdaýň halkara baglanyşyklaryny görkezýän delil getirmedi.
Öňki sowet döwletleriniň birnäçesiniň gatnaşmagynda gurlan harby bileleşigiň, KHŞG-nyň 6-njy ýanwarda yglan eden habary goşunlaryň Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň esasy meýdançasyna geçirilip başlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Polisiýanyň metbugat wekili öten agşam şäherde onlarça “ekstremistiň”, ýerli polisiýa we hökümet binalaryna “hüjüm etmekçi bolan wagtynda” ýok edilendigini aýtdy.
Döwlet telewideniýesi öten agşam Almatydaky demonstrantlar bilen çaknyşykda 12 polisiýa işgäriniň öldürilendigini, 353 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.