Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Blinken Ukrainadaky krizisiň döremeginde Kremli ýazgardy, ýöne diplomatik çözgüt 'mümkin' diýdi

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken Orsýetiň Ukraina çozmagynyň öňüni almak  üçin diplomatik çözgüdiň “henizem mümkindigini” aýtdy, emma bu başa barmasa, Günbataryň “berk gaýtawul bermäge” taýýardygyny duýdurdy.


Blinken 7-nji ýanwarda Waşingtonda, ýaranlar we rus resmileri bilen umuman Ýewropanyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça guraljak duşuşygyň öňüsyrasynda, Döwlet departamentinde eden çykyşynda Ukrainanyň serhedindäki krizisi öjükdirmekde aýyplap, Kremli ýazgardy.


Blinken Günbataryň “diplomatiýa ygrarly” gepleşiklere girýändigini, emma NATO-nyň açyk gapy syýasaty we Ukrainanyň bileleşige goşulmak hukugy ýaly esasy ýörelgelerden ýüz öwürmejekdigini aýtdy.


Russiýa ABŞ-a we NATO-a howpsuzlyk kepillendirmeleri baradaky talaplaryndan ybarat sanawyny,  şol sanda bileleşigiň gündogar tarapa giňelmegini bes etmegi baradaky talabyny hödürlemezden öň Ukraina bilen araçäginiň alkymynda we Krymda 100,000 töweregi esger toplady.


Birleşen Ştatlar serhet ýakasynda goşun toplamagyň Ukrainanyň üstüne ýene bir çozuşyň başlangyjy bolup biljekdigini aýtdy, Kreml bu aýdylýanlary ret etdi.


Blinken Russiýanyň geljek hepde geçiriljek üç tapgyr gepleşikleri NATO baradaky çekişmä öwürmäge synanyşýandygyny, emma Ukrainanyň "gün tertibindäki meseläniň merkezi boljakdygyny, ... sebäbi hut şunuň krizisi tizleşdirendigini" aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *