Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ, Ýewropa, Ukrainadaky dartgynlylygyň ýokarlanmagy bilen, jebislik görkezýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, Ýewropa liderlerine Russiýanyň Ukraina girmeginiň öňüni almak barada edilen çagyryşdan soň, Günbatar güýçleriniň arasynda "doly" agzybirligi yglan etdi.


80 minutlyk wideo gepleşik 24-nji ýanwarda, Russiýanyň ýakyn wagtda Ukraina goşun sürmek ähtimallygy baradaky aladalaryň ýokarlanmagynyň arasynda geçirildi we Pentagon şondan soň, belki-de, NATO ýurtlaryna ýerleşdirmek üçin 8,500 ABŞ goşunynyň taýýar ýagdaýa getirilendigini aýtdy.


Waşington transatlantik agzybirligi saklamak tagallasyny edip, Ýewropa Bileleşiginiň sarp edýän tebigy gazynyň 40 göterimini üpjün edýän Russiýanyň bu ýagdaýy ýaranlaryň arasynda agzalalyk döretmek üçin ulanyp biljekdigi baradaky aladalar arasynda, Moskwanyň öňüni almak üçin sanksiýalaryň ygtybarly wehimini döretmäge synanyşýar.


27 döwletden ybarat blogyň agzalarynyň Russiýa babatdaky çemeleşmeleri we gatnaşyklary bir-birinden düýpgöter tapawutlanýar we, Ukraina goranyş ýaraglaryny ibermekden boýun gaçyrýandygy sebäpli, Germaniýanyň täze hökümeti Kiýew tarapyndan berk tankyt edilýär.


ÝB-niň iň güýçli ykdysadyýeti bolan Germaniýa ara alnyp maslahatlaşylýan iň agyr ykdysady sanksiýalaryň birini girizmekde - Moskwany SWIFT töleg ulgamyndan kesmek meselesinde hem ikirjiňlenýär.


Emma muňa garamazdan, Baýden bilen geçirilen telefon gepleşiginden soň, kansler Olaf Şolz Russiýa Ukraina hüjüm eden ýagdaýynda, Moskwadaky hökümetiň Günbatar tarapyndan "gaty agyr netijelere" duçar boljakdygyny aýtdy we "ýagdaýlary gös-görnetin köşeşdirmek meselesi Russiýanyň özüne bagly" diýdi.


"Men örän we örän gowy duşuşyk geçirdim, ýewopa liderleriniň ählisi bilen doly ylalaşyk gazandym” diýip, Baýden Angliýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Polşanyň, Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Komissiýasynyň we NATO-nyň ýaran liderleri bilen geçiren wideo konferensiýany tamamlandan soň žurnalistlere aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *