Tokaýewe ütük sowgat berjek bolan aktiwist özüne garşy iş gozgalandygyny aýdýar
Akmola sebitiniň Şuçinsk şäheriniň ýaşaýjysy Wladimir Prokopýew şäher häkimliginiň edarasy arkaly Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe “sowgat” hökmünde ütük ibermekçi bolany üçin özüne garşy administratiw kazyýet işiniň açylandygyny aýtdy.
Prokopýew ütüge gyzyl harplar bilen "Tokaýewe we Co." diýip ýazdy. Prokopýewiň instagramdaky sahypasynda ýerleşdirilen wideoýazgyda aktiwist bu ütügiň “Gazagystanyň halkynyň adyndan” “Söýgi bilen" iberilendigini aýtdy. Aktiwist wideo ýazgyda ütügi häkimligiň binasynyň öňünde goýýar.
“Ýanwar wakalary maňa güýçli täsir etdi. Men tutulan we gynalan köp adamy gördüm. Tutulanlaryň köpüsi bigünä adamlar. Olary ýüklenen günäni boýun almaga mejbur edýärler. Ütük bilen gynadylar. Ütük gynamalaryň simwolyna öwrüldi. Şonuň üçin prezidente ütük ibermek kararyna geldim. "Tokaýewe we Co" diýen ýazgy, ütügiň Tokaýewe we onuň toparyna, hökümetine, parlamente degişlidigini aňladýar” diýip, aktiwist Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
“Olaryň biri özüni "polisiýa işgäri" diýip tanatdy, ikinjisi "milli howpsuzlyk komitetinde" işleýändigini aýtdy. Olar meniň ýolumy bagladylar. Telefonymda göni ýaýlyma çykdym welin, telefonymy elimden aljak boldular. Men ýaýlymy tamamladym we telefony ýygnadym. Meni gulluk awtoulagyna mündirip, onuň içinde telefon ulanmagy gadagan etdiler. Olar maňa tussag edilen adama çemeleşen ýaly çemeleşdiler, meniň hukuklarymy bozdular” diýip, Prokopýew aýtdy.
Aktiwist özüni Burabaý etrap polisiýa bölümine eltendiklerini we meseläni 5,5 sagat öwrenip, ahyrynda “ikinji gezek rugsat berilmedik proteste çykmakda” aýyplandyklaryny aýtdy.
Aktiwist ilkinji duýduryşyny ýanwar aýynyň başynda proteste goşulyp, tussag edilenden soň alypdy.