Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ: Goşun çykarmak barada aýdylanlar ýalan, Russiýa ukrain serhedine ýene müňlerçe esger iberdi

Günbatar ýurtlarynyň Russiýanyň goňşy ýurda goşun sürmek ähtimallygy sebäpli dörän gorky-howatyrlar arasynda güýçlendiren diplomatik tagallalarynyň dowam etmegi bilen, bu sebitden goşun çykarýandygy baradaky ‘galp’ beýanatlaryna garamazdan, Ak tam Orsýetiň Ukraina bilen serhet ýakasyna jemlän harby güýçlerini has-da köpeldýändigini aýtdy.


NATO hem Russiýanyň sebitden çykarýan goşunlary barada aýdan sözlerini sorag astyna aldy. Baş sekretar Jens Stoltenberg faktlaryň Moskwanyň resmi beýanatlaryna ters gelýändigini aýtdy.


NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusselde geçirilýän iki günlük ýygnagyna ýolbaşçylyk edýän Stoltenberg žurnalistlere "aýdýan zatlarynyň tersine, Russiýa serhet ýakasynda goşun toplamagyny dowam etdirýän ýaly görünýär" diýdi.


Stoltenberg 17-nji fewralda, maslahat tamamlanansoň, metbugat ýygnagyny geçirmeli.


Ak tamyň Waşingtondaky ýokary derejeli resmisi Moskwanyň goşunlary yza çekip başlandygy baradaky beýanatyny "ýalan" diýip atlandyrdy we žurnalistlere Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde jemlän goşunlarynyň sanyny "7000 esger" möçberinde köpeldendigini, ol esgerleriň arasynda 16-njy fewralda gelenleriň hem bardygyny aýtdy.


Adynyň efirde agzalmazlygyny soran resmi Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek üçin "galp bahana" ulanyp biljekdigini duýdurdy.


"Biz çozuşyň heňe getirilmegi üçin islendik pursatda galp bahanalaryň ulanylyp biljekdigini aňladýan görkezmeleri almagy dowam etdirýäris" diýip, ol aýtdy.


ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken hem Russiýanyň serhetýaka sebitlerden esgerleri we enjamlary yza çekýändigi baradaky tassyklamasyny ret etdi.


Blinken 16-njy fewralda "ABC News" habar gullugyna beren interwýusynda "Biz yza çekilýän zat görmedik" diýdi.


Ol rus prezidenti Wladimir Putiniň mäşäni şu günem, ertirem, indiki hepdede hem çekip biljekdigini, Ukraina garşy ilerlemeleri dowam etdirmek islese, goşunlaryň şol ýerde durandygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *