German premýeri Putin bilen telefonda gepleşer
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 21-nji fewralda, Ukrainadaky "betbagtçylygyň öňüni almak" tagallalarynyň çäginde, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşmegi meýilleşdirilýär.
Metbugat sekretary Steffen Hebestreit bu söhbetdeşligiň "şu gün öýlän", Putin bilen 20-nji fewralda we 21-nji fewral güni irden iki gezek gürleşen fransuz prezidenti Emmanuel Makron bilen "ýakyndan utgaşdyrylandygyny" aýtdy.
Metbugat wekiliniň sözlerine görä, Şolzyň meýilleşdirýän gepleşikleri Günbataryň Russiýanyň Ukraina girmeginiň öňüni almak üçin edýän "bilelikdäki diplomatik tagallalarynyň" bir bölegi bolup durýar.
Eger-de Orsýet goňşusynyň üstüne goşun sürmek kararyna gelse, Germaniýa Moskwa garşy berk sanksiýa girizmek meselesinde günbatar ýaranlaryna goşuljakdygyny aýtdy.