Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden Kongrese ýüzlenmesini ABŞ-nyň içerki we daşarky gymmatlyklaryny kesgitlemek üçin ulanýar

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 1-nji mart agşamy ýurtdaky ýagdaý barada Kongrese ýüzlenip eden ilkinji ýyllyk çykyşynda öz awtokratik garşydaşlary babatynda agyr sözleri ulansa, ýurt içinde surnukdyryjy pandemiýa, nyrhlaryň ýokarlanmagy we ýiti syýasy bölünişikler zerarly ejir çekýän halka gulaga ýakymly sözler bilen ýüzlendi.


Kongres agzalarynyň gök we sary ukrain baýdajyklaryny galgatmaklary bilen, kän wagt ýitirmän, Baýden Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda möwjeýän konflikt barada söz açyp, ABŞ-nyň howa giňişligini rus uçuşlary üçin derrew ýapýandygyny yglan etdi. Ol bu mesele barada azyndan 10 minut gürrüň etdi.


"Alty gün ozal Russiýanyň Wladimir Putini, öz haýbatly usullaryna boýun egmäge mejbur ederin öýdüp, azat dünýäniň binýadyny sarsdyrmaga synanyşdy" diýip, ol rus prezidentiniň adyny tutanda, hem demokratlar, hem respublikanlar köplük bolup el çarpdylar.


"Ýöne onuň hasaplamalary gaty ýalňyş çykdy. Ol Ukraina müňzäp girerin we dünýä düňderiler öýdüpdi. Munuň deregine, ol hiç wagt göz öňüne getirip bilmedik güýç diwary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol Ukrain halky bilen ýüzbe-ýüz boldy" diýip, amerikan prezidenti aýtdy.


Ukrainanyň ABŞ-daky ilçisi Oksana Markarowa birinji hanym Jill Baýdeniň duran hataryna goşulyp, bu sözleri dik durup goldanlaryň biri boldy.


Baýden çykyşynyň dowamynda öz inaguasiýa sözünde aýdan gymmatlyklaryna basym berip, "Biz amerikalylar Ýer ýüzünde ýüze çykan her bir krizisi hemişe mümkinçilige öwürýän ýeke-täk halkdyrys" diýip, bir sagat dowam eden ýüzlenmesini jemledi.


"Biz bu gün bir ýyl ozalkydan has güýçli. Bir ýyldan bolsa biz bu gündäkiden hem has güýçli bolarys. Indi biziň döwrüň kynçylyklaryny ýeňip geçmeli pursatymyz geldi" diýip, Baýden aýtdy. Ýöne ol ABŞ-nyň awgust aýynda Owganystandan goşun çykaranda bolan başagaýlygy agzamady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *