Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rus güýçleri Ukrainada atom elektrik stansiýasyny ele geçirdi. Kiýewiň golaýynda we günorta şäherlerde uruş möwjeýär

Rus güýçleri Ukrainada atom elektrik stansiýasyny ele geçirdi. Kiýewiň golaýynda we günorta şäherlerde uruş möwjeýär

Günorta-gündogar Ukrainada düýn gije rus güýçleri tarapyndan oka tutulan Zaporožýe atom elektrik stansiýasynda dörän ýangyn söndürilenden soňra, Ukrainanyň ýadro agentligi bu desgada hiç hili syzmalaryň tapylmandygyny aýtdy.

Ýerli resmiler rus harby kerweni Zaporožýe golaýlanda rus güýçleriniň atom elektrik stansiýasyna ot açandyklaryny aýtdy we sebit häkimiýetleri ruslaryň desgany ele geçirendiklerini tassyklady.

Bu waka Birleşen Milletler Guramasyny we halkara atom düzümlerini adatdan daşary ýagdaý halatlaryny kabul etmäge iterdi. Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň edarasy bu ýagdaýy maslahat etmek üçin onuň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden adatdan daşary ýygnak geçirmegi haýyş etjekdigini aýtdy.

“Radiasiýa ýagdaýynda üýtgeşiklik bellige alynmady” diýip, Ukrainanyň Döwlet ýadro düzgünleşdirijisi 4-nji martda irden aýtdy.

Rus goşunlary ulanyşdan galan Çernobyl atom elektrik stansiýasyny hüjümiň ilkinji gününde ele geçirdi. Döwlet ýadro düzgünleşdirijisi şonda radiasiýa derejesiniň ýokarlanmagyna agyr harby tehnikalar zerarly ýokary göterilen radioaktiw tozanyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Bu aralykda, 4-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan giň gerimli çozuşynyň dokuzynjy gününde Russiýanyň günorta şäherlere edýän güýçli hüjümleri dowam edýär, paýtagt Kiýewiň demirgazyk eteginde bombalanan jaýlardan tüsse ýokaryk göterilýär.

Dnepr derýasyna degişli suw howdanynyň ýakasynda ýerleşýän Zaporožýe atom elektrik stansiýasy Ýewropadaky iň iri atom elektrik stansiýasy bolup, bu desga Ukrainanyň içerki elektrik üpjünçiliginiň bäşden birini öndürýär.

BMG-niň ýadro agentligi 4-nji martda bu ýagdaý bilen baglylykda özüniň adatdan daşary ýagdaý merkezini doly hüşgärlik ýagdaýyna geçirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň energetika sekretary Jennier Granholm 3-nji martda desgada radiasiýa derejesiniň ýokarlanmagynyň ilkinji alamatlarynyň bolmandygyny aýtdy.

Bir wideoda Zaporožýede bäş gatly bir binada dörän ýangyn görkezilýär. Bu binanyň tälim-türgenleşik desgasy bolandygy habar berilýär.

Zaporožýeniň häkimi Dmitro Orlow rus güýçleriniň ýadro desgasyndan birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän bir barlag nokadyna we asuda ilata ot açandyklaryny, sebitde artillerýa hüjümleriniň azyndan bir sagat dowam edendigini aýtdy. Ol şäheriň suw hem-de elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Zaporožýedäki sebit administrasiýasy rus goşunlarynyň desgany ele geçirendiklerini we “işgärleriň desgadaky elektrik öndüriji enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik edýändiklerini” aýtdy.

Kiýew rus güýçleriniň topluma girendiklerini tassyklady.

Ženewa konwensiýasyna girizilen bir teswirnama ýadro desgalaryna harby hüjüm edilmegini çäklendirýär.

Prezident Wolodmyr Zelenskiý desgada ýangyn döränden soň wideo ýüzlenme çap edip, ýewropalylara duýduryş berdi: “Haýyş, oýanyň! Öz syýasatçylaryňyza aýdyň, rus goşunlary Ukrainadaky atom elektrik stansiýasyna ot açýar”

Zelenskiý ABŞ prezidenti Jo Baýden hem-de Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson bilen gürleşip, olary Zaporožýedäki soňky ýagdaýlardan habarly etdi.

“Prezident Baýden prezident Zelenskä goşulyp, Russiýany bu sebitde harby hereketleri bes etmäge hem-de ýangyn söndürijilere we adatdan daşary ýagdaý boýunça işgärlere desganyň ýerleşýän ýerine girmäge rugsat bermäge çagyrdy” diýip, Ak tam aýtdy.

“[Rus] prezidenti [Wladimir] Putiniň oýlanyşyksyz hereketleri indi tutuş Ýewropanyň howpsuzlygyna gönüden-göni wehim salýar” diýip, Jonsonyň edarasy aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) baş direktory Rafael Grossi agentligiň 2-nji martda Wenada geçiren ýörite ýygnagynda desgalarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin we olardaky işgärlere goldaw bermek üçin BMG-niň ýadro gözegçisiniň “ähli taraplar” bilen işleşýändigini aýtdy.

Beýleki sebitlerde barýan uruş barada aýdylanda, düýn gije adam ýitgilerine getiren agyr bomba hüjümlerinden soňra, 4-nji martda irden Kiýewiň daşyndaky Çernihew şäherinde ot alan ýaşaýyş jaýlaryndan tüsse çykýar.

Şeýle-de, Günorta Ukrainadaky şäherlerde ruslaryň agyr bomba hüjümleri we şäherleriň daşyny gabamak synanyşyklary dowam edýär. Ol ýerde Russiýanyň ilkinji göwrümli şäheri, Hersony basyp alandygy habar berilýär we, görnüşinden, rus güýçleri Gara deňziň strategik kenarynda gözegçiligi ele geçirmäge çalyşýar.

Putin 24-nji fewralda Ukraina garşy giň gerimli hüjüme girişeli bäri, müňlerçe adam ölendir öýdülýär we barha giňeýän bosgun krizisiniň arasynda milliondan gowrak ukrainaly günbatara gaçdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Живые похороны Европы

На вершине мира. Интервью с первым алтайским альпинистом, покорившим Эверест

«Белая ладья»: школьники из Ленобласти занимают более высокое место, чем команда из Санкт-Петербурга, а Горячкина проиграла Преображенской

В СИЗО по делу о даче взятки отправили арбитражного управляющего в Воронеже

Музыкальные новости

Как жила Анастасия Заворотнюк и кому достанется ее наследство

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Штрафы подняли на совесть // В Москве и Петербурге водители станут платить в несколько раз больше за неоплаченный проезд

Чемпионат по служебному биатлону состоялся в столичном главке Росгвардии

Новости России

Совет Федерации одобрил ратификацию соглашения об отмене пошлин на экспорт нефти в Южную Осетию

В СИЗО по делу о даче взятки отправили арбитражного управляющего в Воронеже

Источник 360.ru: автобус с пассажирами затопило на северо-востоке Москвы

Что лучше для СССР и РФ сегодня: Брежневский застой или Путинский капитализм, а как думают советские люди

Экология в России и мире

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

Вкусно и полезно: лучшие сезонные фрукты и ягоды, которые стоит включить в рацион летом, чтобы получить витаминный заряд

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Спорт в России и мире

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

«Сейчас даже счёт не помню»: Андреева сенсационно победила Соболенко и вышла в полуфинал «Ролан Гаррос»

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Делу время – ремонту срок. Эксперты обсудили, как ускорить ремонт после ДТП

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

В Орловской области 13-летний мотоциклист сбил женщину

Мобилизованного свердловчанина приговорили к 23 годам "строгача" за подрыв гранаты в казарме







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *