Polýak serhet gullugy Ukrainadan 2 milliondan gowrak adamyň gelendigini aýtdy
Polşanyň Serhet gullugy Russiýanyň sebäpsiz başlan hüjümi zerarly Ukrainadan gelýän bosgunlaryň sanynyň paýtagt Warşawanyň ilatynyň sanyndan hem kän adam bolandygyny, ýagny 2 milliondan geçendigini aýtdy.
Serhet gullugy 18-nji martdaky twitinde ýurda geçýän adamlaryň sanynyň azalýandygyny we soňky 24 sagadyň içinde 52,000-den gowrak adamyň Polşa girendigini aýtdy.
Şeýle-de gulluk 18-nji martda ir sagat 7-ä çenli ýene 7,100 adamyň ýurda gelip girendiginisözüne goşdy.
"Olar esasan çagaly aýallardan ybarat. Serhet goragçylary olara serhetden geçensoň kömek edýän ilkinji polýaklar bolup durýar. Köplenç diňe ýönekeý sözler hem uly kömegi aňladýar" diýip, Serhet gullugy aýtdy.
BMG-niň maglumatyna görä, şu wagta çenli 3 milliondan gowrak adam Ukrainadaky uruşdan gaçyp çykdy.
Polşada näçe bosgunyň galandygy entek belli däl, sebäbi ol adamlaryň köpüsiniň üçünji bir ýurda geçendigi çak edilýär.
Bu adamlar Russiýa 24-nji fewralda Ukraina goşun süreninden soň ýurduny terk etmäge mejbur boldy.