Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hytaý metbugaty: Pekin bilen Aşgabat harby hyzmatdaşlygy berkider

Hytaý strategiki aragatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ugurlarda amaly harby hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki ýurduň arasynda umumy gelejege gönükdirilen has ýakyn jemgyýet gurmakda edilýän bilelikdäki tagallalara goşant goşmaga taýýar diýip, Hytaýyň döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Wei Fenghe aýtdy diýip, hytaý mediasy 25-nji martda habar berdi.


Wei bu sözleri Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen geçiren wideo söhbetdeşliginde aýtdy.  Ol soňky ýyllarda ikitaraplaýyn harby hyzmatdaşlygyň çäginde ýokary derejelerdäki aragatnaşyk, hünär tejribelerini alyşmak we tälim beriş ugurlary boýunça gazanylan ilerlemeleri gözden geçirdi diýip, habarda bellenýär.  


Hytaý resmisiniň sözlerine görä, Pekin Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär we, halkara ýagdaýlarynyň üýtgemegine garamazdan, merkezi aziýa ýurdunyň ýakyn dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup galar.


Gündogdyýew kärdeşini Pekiniň 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda we paralimpiýa oýunlarynda gazanan üstünlikleri bilen gutlady; Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly hyzmatdaşlygyna ygrarly boljakdygyny, ikitaraplaýyn ykdysady we söwda alyş-çalyşlaryny,   goranyş meselelerindäki hyzmatdaşlygy, iki ýurduň we olaryň harby güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy diýip, hytaý mediasynyň habarynda bellenýär.


Türkmen mediasy häzirlikçe bu söhbetdeşlik barada habar bermedi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *