ÝB Russiýanyň 21 awiakompaniýasyny uçmak üçin howplular sanawyna girizdi
Bu karar uçarlaryň eýeleriniň we olary öndürijileriň howa gämisiniň tehniki ýagdaýy boýunça jogapkärçilik çekmeýändigi bilen düşündirildi.
ÝB sanawynda Russiýanyň “Aeroflot”, “Pobeda”, S7, “Rossiýa”, “Ýuteýr” we “Ural howaýollary” ýaly esasy awiakompaniýalary hem bar.
Rus uçarlaryndan başga, ÝB-niň gadagan eden how gämileriniň sanawynda Yrak, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Owganystan, Gyrgyzystan, Sudan ýaly ýene birnäçe döwletiň awiakompaniýalary bar.
Ýewropa Komissiýasynyň habarynda aýdylmagyna görä, Moskwa rus awiakompaniýalarynyň zerur halkara şahadatnamasy bolmadyk howa gämilerini hem ulanmaga rugsat berdi. ÝB-niň transport meseleleri boýunça komissary Adina Walýan munuň ýolagçylar üçin howply bolup biljekdigini aýtdy.