Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan: Internetiň tizligi görlüp-eşidilmedik derejede haýallady, VPN hyzmatlary petige diredi

Türkmenistan: Internetiň tizligi görlüp-eşidilmedik derejede haýallady, VPN hyzmatlary petige diredi

Tutuş Türkmenistan boýunça Internetiň tizligi düýbünden pese gaçdy we VPN hyzmatlarynyň tas ählisi petiklenýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Öň işläp duran tölegli VPN-ler hem işlemegini bes etdi diýip, çeşmeler aýdýarlar.

Türkmenistanda Internet tizliginiň görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçmagy we VPN hyzmatlarynyň köpçülikleýin petiklenmegi ýurduň ähli sebitlerinde bolup geçýär.

Türkmenistan Internet toruna özüniň ýeke-täk Internet prowaýderiniň – “Türkmentelekom” milli aragatnaşyk operatorynyň üsti bilen birigýär.

“Ähli VPN-ler, şol sanda tölegli VPN-ler işlemegini bes etdi. Tizlik düýbünden peseldi. Beýle pes tizlikli Interneti men ozal görmändim” diýip, ýurt içindäki çeşmämiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Garaşsyz turkmen.news neşiri hem 11-nji aprelde ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, soňky günlerde Türkmenistanda Internet petiginiň geriminiň güýçlenendigini habar berdi. Neşir ýurt içinde VPN hyzmatlarynyň petiklenýändigini belledi.

Düýbi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Cloudflare” Internet hyzmatlary kompaniýasy ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 7-den başlap, Internet tizliginiň düýpli peselendigini anyklady. “Cloudflare Radar” Türkmenistanda Internetiň tas doly diýen ýaly öçürilendigini aýtdy.

Kompaniýanyň websaýtyna görä, Türkmenistanda Internet 12-nji aprel, sişenbe gününe çenli heniz hem düýpli bökdelýär.

Türkmen hökümeti maglumat giňişligini berk çäklendirmekde tanalýar. Odnoklassniki, Vkontakte, Facebook, Twitter we Instagram ýaly iri sosial torlar ýurtda petikli bolmagynda galýar. Galyberse-de,  garaşsyz habar neşirleriniň websaýtlary häkimiýetler tarapyndan petiklenýär. Ulanyjylar garaşsyz maglumat almak üçin Internet petigini böwüsýän gurallardan, şol sanda Psiphon, Lantern, Orbot ýaly VPN-lerden hem-de Tor ýaly howpsuz brauzerlerden peýdalanmaly bolýarlar.

Ýurduň bir welaýatyndaky habarçymyz soňky iki hepdeden gowrak wagt bäri Internet aragatnaşygynyň hiliniň yzygiderli ýaramazlaşýandygyna ünsi çekýär.

Galyberse-de, habarçymyz özüniň bolýan sebitinde häkimiýetleriň VPN ussalaryna garşy göreşiniň ýowuzlaşýandygyny habar berýär.

“Gurbanguly [Berdimuhamedowyň] döwründe VPN ussalary diňe jerime bilen gorkuzylan bolsa, indi Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri VPN ussalaryny 15 gün möhlet bilen tussag etmek haýbatyny atýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ol VPN ussalarynyň birnäçe ýyl möhlete türme tussaglygy bilen gorkuzylýandygyny hem aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda Internetiň berk çäklendirilmegi bilen telefon ussahanalary VPN ussaçylygy bilen hem meşgul bolýarlar we telefondan baş çykarýan käbir hünärmenler telefonlara VPN gurnamak arkaly gazanç edýärler.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz döwründe ýaýbaňlandyran internet çäklendirmeleri zerarly 2016-njy ýylda Serhetsiz guramalary tarapyndan “Internetiň ganym duşmanlarynyň” sanawyna goşuldy.

Öňki prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine kasam kabul edeninde döwlet syýasatynda özgeriş wada bermedi. Munuň yz ýany, ýurtdan öňden bäri dowam edýän Internet çäklendirmeleri has-da berkidilip dowam etdirilýär.

Ýurt boýunça emele gelen Internet bökdençligi täze prezidentiň wezipä girişmeginden üç hepde gowrak soň bolup geçýär.

Azatlygyň habarçysy ýurduň bir sebitinde Altyn asyr mobil operatorynyň hyzmatlarynyň hiliniň hem soňky iki hepde gowrak wagt bäri pese gaçandygyny habar berýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk saýtynyň bilermenleriniň geçiren barlaglaryna görä, dünýäde iň haýal we iň gymmat Internet Türkmenistanyň ilatyna hödürlenýär.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti ýurduň tas ähli pudaklaryna sanly ulgamlary ornaşdyrmakda öwünýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Еще 620 контейнеров для смешанных отходов установили в Подмосковье

Врач Алексеева назвала болезни, при которых человека могут ошибочно признать мертвым

Вице-адмирал США назвал грозным потенциал ВМФ России

Более 70 лифтов заменят в Мытищах до конца года

Музыкальные новости

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

«Зенит» добыл волевую победу в матче с «Балтикой» и завоевал Кубок России

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

Скандал с пенальти, отмена гола Вендела и решающий мяч Алипа на 95-й! «Зенит» победил «Балтику» в финале Кубка России

Новости России

Косметолог Руда: неправильное окрашивание бровей может их испортить

Обновленные электробусы КАМАЗ появились в городе

Конкистадоры и индейцы Восточной Европы: как Речь Посполитая проиграла Московскому царству, убедив себя в собственном превосходстве

Юрист раскрыла, кому достанется наследство Анастасии Заворотнюк

Экология в России и мире

Условно разрешенные виды использования земельных участков

Российский лоукостер запустил рейсы в Анталию из Махачкалы

Как избежать больших проблем при одиночном путешествии: туристкам дали важные советы по безопасности

Гинеколог, ведущий специалист многофункциональный клиники KindCare в Дубае Сураё Назарова: как выявить проблемы на ранних стадиях

Спорт в России и мире

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Осталась в одиночестве: Андреева победила Грачёву и вышла в четвертьфинал «Ролан Гаррос», Медведева остановил де Минор

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Moscow.media

Планируете отпуск в России? В этих городах есть бюджетное жилье — называем список

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков

Терминал сбора данных (ТСД) промышленного класса SAOTRON RT42G

На утре.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *