BSG COVID-19-dan dünýäde 15 milliona golaý adamyň ölendigini çaklaýar
BMG-niň saglyk gullugy tarapyndan 5-nji maýda çap edilen täze görkeziji şu wagta çenli 6 milliondan gowrak hasaplanan resmi görkezijiden iki esse köp bolup durýar.
Hasabatda ölenleriň köpüsiniň Ýewropada, Amerikalarda, Günorta-Gündogar Aziýada we Ýewropada ýogalandygy aýdylýar.
Gurama soňky tagallalaryň 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna çenli COVID-19-dan ölenleriň hakyky sanyny anyklamaga gönükdirilendigini aýtdy.
Türkmenistan bu dertden ölenleriň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.