Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri Brýusselde duşuşyp, Dagly-Garabag meselesini maslahatlaşdy
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 22-nji maýda Brýusselde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen Dagly-Karabag meselesine bagyşlanan üç taraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.
Bakuwyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Aliýew Mişele "Azerbaýjan Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak we parahatçylyk şertnamasyna gol çekmek üçin halkara hukugyna esaslanýan bäş ýörelgäni kesgitledi" diýdi.
Paşinýan ozal bu elementleriň Ýewan üçin kabul ederlikdigini aç-açan aýdyp, ermeni oppozisiýasynyň özüni Azerbaýjanyň Dagly-Garabag babatyndaky özygtyýarlylygyny ykrar etmäge taýýar bolmakda aýyplamagyna sebäp boldy.
Ermeni polisiýasy Ýerewanda soňky hepdelerde, premýer-ministriň wezipesinden çetleşdirilmegi üçin oppozisiýa tarapyndan yglan edilen demonstrasiýalarda we raýat boýun egmezlik hereketleriniň çäginde, ýüzlerçe demonstranty tussag etdi.
“Amerikanyň sesiniň” habaryna görä, Paşinýanyň garşydaşlary onuň 2020-nji ýylda ermeni tarapyna eden ýolbaşçylygyny tankytlaýarlar we soňky eden çykyşlarynda Dagly-Garabag meslesinde Bakuwa aşa kän eglişik etmekde aýyplaýarlar.