Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy

Aşgabatda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky sazandalar toparynyň ýene bir konserti Aşgabatda geçirildi. Aýdym-saz çäresi 28-nji we 29-njy maýda Mukamlar köşgüniň uly zalynda bolup, köpçülige konserte tomaşa etmäge mümkinçilik berdi. Konserte Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem bardy.

Tahyr Ataýewiň orkestriniň zehinli döredijilikli topary tomaşaçylara ýene bir aýdym-saz sowgadyny etdi.

Koronawirus karantini sebäpli yza tesdirilen we 10-njy, 11-nji fewralda geçirilmegine garaşylan “Pariž, söýgim meniň!” atly konserti 28-nji we 29-njy maýda döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň uly zalynda yzly-yzyna iki gün dowam etdi.

Görnüşi ýaly, aýdym-saz çäreleri indi bu abraýly ýerde geçiriler, bu gowy habar we has köp tomaşaçynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikdir.

Wepaly saz muşdaklary, köpden bäri garaşylýan bu çärä baýramçylyk we döredijilikli sýurpriz teşleniligi bilen gelipdir.

Bu gezek garaşylyşyndan hem has täsirli boldy.

Bu diňe bir konsert bolman, eýsem her bir jikme-jiklige oýlanyşykly üns berlip, söýgi we hyýal bilen düzülen tagamly, ýaş fransuz çakyry ýaly ýeňil we ajaýyp döredijilik wakasy boldy.

Konsertiň biletler Pariže uçar biletleri görnüşinde ýerine ýetirilipdir.

Çäräniň programmasynyň "MERCI Paris!" ýazgyly çap görnüşli tertibi bolsa tomaşaçylarda olar entek zala girmänkä bagtly syýahatyň wizual atmosferasyny döretdi. Inçe tagamlary wada berýän restoran menýusy görnüşinde çap edilen programmanyň ýüzüne çekilen "uçup barýan" şekiller binagärlik eserlerinden başlap, ajaýyp ýerleriň, nepislikleriň we hadysalaryň, şol sanda fransuzlat tarapyndan gowy görülýän pişigiň we itiň şekillerini öz içine aldy.

Programmanyň ters tarapynda, fransuz aýdymçylaryny we 15 aýdymy öz içine alýan sanaw ýerleşdirildi, olaryň arasynda aýdymçylar Edith Piaf, Jo Dassin, Lara Fabian, şeýle hem "Oýnawaç", "La Boum", "Professional" ýaly filmlerden alnan sazlaryň atlary görkezilýär.

Gynansagam, programmanyň çap görnüşli tertibinde bu konserti ýerine ýetirijileriň sanawy ýokdy. Eserleri ýerine ýetiren aýdymçylaryň atlary diňe konsertiň ahyrynda ekranda peýda boldy. Bu gaty gowy, ýöne ýeterlik bolmady.

Tomaşaçylar zalyň içine girenlerinde, sahnadaky oturgyçlarda we polda saz gurallaryny, ortasynda ak pianony we arka tarapynda boş ýeri gördüler.

Edil sagat 19: 00-da ekranda aeroportyň zalynyň şekili peýda boldy we eli goşly “ýolagçylar” sahnanyň aňyrsynda hereket edip başlady.

Soň bolsa sazandalar peýda bolup, ýerlerine geçip oturdylar.

Gyzlar deňizçileriň gök-ak çyzykly "matroska" diýilýän içgi köýneklerini, ýubkalary, gyzyl beretleri geýip, galstuk dakynyp çykypdyr. Oglanlar bolsa, gara eşikli we boýnuna gyzyk ýaglyk dakynyp çykdylar. "Uçar komandiri" Tahyr Ataýew "uçuşyň" başlandygyny habar berdi.

Tutuş konsertiň dowamynda Parižiň görnüşleri, film bölekleri we beýleki kompozisiýalar, reňkli şekiller görkezildi.

Kirişli saz gurallaryndan başga-da, Kakajan Hudaýberdiýewiň saksafonda, Hijran Joragulyýewiň we Öwezali Nazarowyň akkordeonda, Şayslam Homidjanowyň pianoda ýerine ýetiren eserleri ýaňlandy.

Tahyr Ataýew zehinleri tapmakda we olara ýol açmakda ussatlyk görkezýär. Şeýlelikde, Swetlana Nobatowa tomaşaçylar üçin haýran galdyryjy açyş boldy. Aýdym-saz töwereklerinde konsertmeýster we mugallym hökmünde tanalýan Nobatowa zehinli aýdymçydygyny görkezdi we ilkinji gezek köpçüligiň öňünde eden bu çykyşynda üstünlik gazandy.

Özboluşly ses owazyna eýe bolan aýdymçy beýik Edit Piafyň repertuaryndan üç aýdymy, ýagny "Gülüň durmuşy" ("Lavie en rose"), "Ýok, hiç zada ökünemok" ("Non je regretto") we "Millord" eserlerini ajaýyp ýerine ýetirdi.

Swetlana Nobatowa fortepianoda saz çaldy. Konsertiň ahyrynda Tahyr Ataýewiň aýdyşy ýaly, aýdymçy programmany düzmäge-de işjeň gatnaşypdyr.

Orkestriň gyjakçysy Oguldursun Saparmuradowa aýdymçy hökmünde mundan ozal hem çykyş edipdi. Bu gezek ol Lara Fabianyň "Je t'aim" aýdymyny üstünlikli ýerine ýetirdi.

"Özi örän kiçijik, ýöne nähili güýçli sesi bar" -diýip, zalda oturan nätanyş bir tomaşaçy aýtdy. 

Köpler üçin Mansur Şaripow tarapyndan ýerine ýetirilen Jo Dassiniň "Sen bolmadyk bolsaň" ("Et si tu n 'existais pas"), "Champs Elysees" we "Belle" (Notre Dame de Pari Paris) atly aýdymlaryň ajaýyp ýerine ýetirilmegi ýakymly bir açyş boldy. 

Hemişe bolşy ýaly, Bahram Dollyýew bu konsertde "Tango de Roksanne" ("Moulin Rouge") we "Oturylyşyk" ("La Boum") filminden Temany  ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Konsert Jan Pol Belmandonyň gatnaşmagyndaky “Professional” atly meşjur filminden  saz bilen tamamlandy. Tomaşaçylaryň haýyşy boýunça bu eser ýene bir gezek gaýtalandy. Soňra tomaşaçylar Parižden Aşgabat şäherine "gaýdyp geldiler".

"Şeýle konsertlerden soň ýurtdan gitmek islämok" -diýip, konserte gatnaşan tomaşaçylaryň biri özünden galan täsiri paýlaşdy.

Aprel we mart aýlarynda Aşgabatda geçirilen birnäçe konsert koronawirusyň ýaýramagynda ýurtda girizilen çäklendirmeler sebäpli birnäçe aýlyk yza süýşürilipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Участники "Бойцовского клуба РЕН ТВ" показали свою подготовку к боям

Елена Воробей: «Бабочки в животе возможны в любом возрасте»

Губернатор Подмосковья на ПМЭФ представил Владимиру Соловьеву робота Женю

РФПИ: потери Европы от снижения поставок российского газа в 2024 г. составили 700 млрд евро

Музыкальные новости

«Деревенский вайб»: Бородина показала, как доит корову

Евгений Миронов, Ирина Пегова, Кристина Асмус, Илья Авербух, Елизавета Арзамасова и другие звезды не фестивале «НЕБО»

В Росгвардии стартовал чемпионат по боксу «Кубок Победы»

Погружение в современное российское искусство – стартовал 3-ий фестиваль «Территория. Красноярск»

Новости России

Открыт прием заявок на XX Юбилейную премию в области экономики и финансов им. П.А. Столыпина

Москвичей предупредили о надвигающейся грозе и высокой пожароопасности

Производитель из Мытищ представил не имеющую аналогов детскую площадку

План «перехват» ввели после убийства мужчины на западе Москвы

Экология в России и мире

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Chanel Resort 2025

Спорт в России и мире

Названо условие сенсации в матче Арины Соболенко с вундеркиндом из России

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Moscow.media

На орловской трассе столкнулись микроавтобус «УАЗ» и тягач «Scania», груженный дисками вагонных колес

Heroje H288BW- портативный сканер штрих-кодов с интерфейсом Bluetooth

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Делу время – ремонту срок. Эксперты обсудили, как ускорить ремонт после ДТП







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *