Türkmen-özbek serhedindäki ýol çäklendirmeleri azaldylýar
Habarda bellenilmegine görä, çäklendirmeleri azaltmak baradaky ylalaşyk özbek wekilýetiniň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Otobek Ibragimowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada eden iş sapary wagtynda gazanyldy.
Mundan başga, iş saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda daşalýan harytlar barada maglumat alyşmak baradaky protokolyň taslamasy, şeýle-de gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlary alyşmagyň tehniki şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, “Alat” we “Farap” barlag nokatlaryndan günde azyndan 500 ýük awtoulagynyň geçmegini üpjün etmek kararyna gelindi.