Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Soros-Gyrgyzystan” gaznasynyň müdiri Milli howpsuzlyk komitetinde sorag edildi

“Soros -Gyrgyzystan” gaznasynyň müdiri Şamil Ibragimow Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna 2-nji iýunda Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetinde bolandygyny aýtdy.


Onuň sözlerine görä, bu ýörite gulluklaryň sülçüsi bilen geçirilen "maglumat duşuşygy" boldy.


“Bu biziň guramamyzyň ýerleşýän binasy barada maglumat almak boýunça guralan duşuşyk boldy. Olar goşmaça maglumat almak islediler. Men hemme zady aýtdym. Mesele şunuň bilen tamamlanar diýip pikir edýärin. Binanyň nähili ýol bilen alnandygyny soradylar. 24 ýyl bäri bu hili sorag berilmändi. Munuň näme üçin ýüze çykandygy entek belli däl” diýip, Ibragimow gürrüň berdi.


Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti bu mesele boýunça entek düşündiriş bermedi.


“Soros–Gyrgyzystan” gaznasy 1993-nji ýyldan bäri işleýär. Gaznany Jorj Sorosyň ýolbaşçylygyndaky “Açyk jemgyýet” instituty esaslandyrdy. “Açyk jemgyýet” gaznalarynyň tory dünýäniň 31 ýurdunda milli Soros gaznalaryny öz içine alýar.


“Soros–Gyrgyzystan” gaznasy dürli ugurlarda işleýän ýerli guramalara grant berýär. Bu gazna 1993-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda 98 million 800 müň dollara grant berdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *