Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Darganatanyň käbir daýhan birleşiklerinde gowaça ekişi 15 % ýerine ýetirildi – Habarçy

Türkmenistanda nobatdaky gowaça ekiş möwsümi dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň birnäçe daýhan birleşiginde ekişiň, çak bilen, diňe 15 göteriminiň ýerine ýetirilendigini habar berýär.


“Gowaça meýdanlarynyň 85 göterimi heniz boş dur” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Darganata etrabynyň Halkabat we Gyzylrabat daýhan birleşiklerinde dowam edýän ekiş möwsümi barada habar berýär.


Türkmenistanda nobatdaky gowaça ekiş möwsümine 23-nji martda resmi taýdan badalga berildi.


Aradan iki aý töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, lebaply kärendeçiler, hususan-da tehnika we suw ýetmezçiligi sebäpli ekişiň gijä galýandygyny aýdýarlar.




“Darganatanyň ençeme daýhan birleşiginde heniz ýuwuş suwy berilmedik gowaça meýdanlary bar. Käbir daýhan birleşikler zeýkeşlerden suw çekdirip, gowaça meýdanlaryny suwarmagyň ýollaryny gözleýärler” diýip, lebaply agronom Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Oba hojalyk hünärmeniniň gowaça ekişiniň barşy barada berýän gürrüňleri sebitlerde ekerançylyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylýandygy babatda resmi metbugatda berilýän habarlara çapraz gelýär.


“Giç ekilen gowaçadan pagta hasylyna garaşmaly däl” diýip, agronom Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.


Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň ähli welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygyny gaýtalaýar.


Ýuwuş suwy ekerançylyk ýerleriniň şorunyň aýrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistanyň şertlerinde, adatça, ýanwar aýynyň ahyrlarynda we fewralyň birinji hepdesinde ekerançylyk ýerlerine ýuwuş suwlary berilýär. Ekerançylyk ýerlerini ýuwuş suwy bilen üpjün etmek işleri ýurduň käbir sebitlerinde fewralyň aýagyna martyň başlaryna çenli dowam edýär.




Lebap welaýatynyň obalarynda gowaça ekişi bilen bagly dowam edýän bökdençlikleriň arasynda, ýerli oba hojalyk resmileri ekişiň iýun aýynda dowam etdirilmegini talap edýärler. Ýöne daýhanlar giç ekilen gowaçanyň hasyl bermejekdigini aýdýarlar.


“10-njy maýdan gijä galan gowaçadan hasyla garaşylmaýar” diýip, bir ýerli kärendeçi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.


Oba hojalyk bilermenlerine görä, Türkmenistanda gowaça ekişine resmi taýdan möhletinden öň badalga berildi. Ýöne iş ýüzünde welin, daýhanlar, tomsuň yssysyna garamazdan, heniz hem dowam edýän ekiş möwsümini oňlamaýarlar.


Türkmenistanda daýhanlar ekerançylyk ýerlerini döwletden kärendesine alyp, döwlet tabşyrygy esasynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýär we alan hasyllaryny döwletiň kesgitlän bahasyndan döwlete satmaga mejbur edilýärler.


Ýurduň ekerançylyk ýerleriniň ep-esli böleginde gowaça we bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanda soňky ýyllarda ýeralma, şugundyr ýaly oba hojalyk ekinleri hem döwlet tabşyrygyna girýän ekinleriň hataryna goşuldy.




Resmiler ýerli oba hojalyk önümçiligini artdyryp, importa durýan harytlaryň möçberini azaltmak ugrunda tagalla edilýändigini aýdýarlar. Ýöne ýerli daýhanlar ýyllarboýy dowam edýän tehnika, dökün we suw ýetmezçiligi ýaly hroniki problemalaryň oba hojalyk önümçiligini bökdeýändigini aýdýarlar.


Synçylar döwletiň oba hojalyk syýasatyny tankytlap, bu syýasatyň daýhanlary höweslendirmäge gönükdirilmeýändigini aýdýarlar.


Galyberse-de, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler.


Şu ýyl Türkmenistan 580 müň gektar meýdana gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *