Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezident dowamly azyk ýetmezçiligini gytaklaýyn tassyklap, iki orunbasaryny täzeledi

TDH wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewiň, Çary Gylyjowyň, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşadylandygyny habar berýär. Ozal  kakasynyň tabşyrygy bilen sebit bazarlaryna aýlanyp, azyk bolçulygy barada hasabat beren we çörek nobatlarynyň prezidentiň abraýyny gaçyrýandygyny aýdan Serdar Berdimuhamedow bu karara ýurtdaky azyk ýetmezçiligi, oba hojalygyndaky agyr ýagdaý bilen baglylykda gelene meňzeýär. Mundan öň ol ilata arzan bahadan satylmaly azyk önümleriniň käbir resmiler tarapyndan ogurlanýandygyna tassyklapdy.

Ç.Gylyjow bir aý öň, ýurtdaky azyk ýetmezçiligi bilen baglylykda, garamagyndaky edaralara korrupsiýa ýol bermekde tankytlanypdy. Iki wise-premýer bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi Begmyrat Arazow hem, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýlip, wezipesinden boşadyldy.

Baş prokuror Batyr Atdaýew wezipesinden boşadylyp, Ç.Gylyjowyň ornuna, hökümet başlygynyň söwda toplumy, dokma senagaty we telekeçilik boýunça orunbasary wezipesine bellendi. Ol bu wezipede ozal hem işläpdi we 2017-nji ýylda häzirki bellenen wezipesinden baş prokurorlyga geçirilipd.

Baş prokuroryň wezipesi wagtlaýyn Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

Hökümet başlygynyň obasenagat toplumy boýunça orunbasary wezipesine biraz öň prezidentiň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenen Annageldi Ýazmyradow bellenildi.

2017-nji ýyldan bäri işlän wezipesinden boşadylan E. Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan hem boşadyldy we täze bellenen wise-premýer A. Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesi wagtlaýyn Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewe ynanyldy.

Mundan başga, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin diýlip, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa berk käýinç we soňky duýduryş berildi.

Işinde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanan resmileriň işleri barada, adataça bolşy ýaly, anyk maglumat berilmedi. Ýöne şol gün, hökümetiň we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikde geçirilen mejlisinde edilen gürrüňlerden çen tutulsa, mesele ýurtdaky azyk ýagdaýlary, oba hojalygyndaky agyr çökgünlik bilen bagly bolup görünýär.

Wezipesinden boşadylmazyndan öň soňky hasabaty diňlenen E.Orazgeldiýewe prezident, TDH-nyň ýazmagyna görä, "oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny" aýtdy.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasy "pes derejede" durmuşa geçirilýär.

Ozal bu pudakdaky uly ösüşler, ýurtda döredilen azyk howpsuzlygy barada yzygiderli maglumat beren TDH indi, prezidente salgylanyp, "bu pudagyň esasy wezipeleriniň esasy oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny" habar berýär.

Azatlygyň habarçylary oba hojalyk ekinlerinden alnandygy aýdylýan 'ýokary hasylyň' diňe kagyz ýüzünde alynýandygyny ençeme gezek habar beripdiler. Emma mejlisde kada öwrülene meňzeýän artdyryp ýazmalar barada hiç zat aýdylmady.

"Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl" diýip, prezident aýdypdyr.

Şeýle-de ol ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigi, ...oba hojalygyny we ilatly ýerleri suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigi barada Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryny tassyklapdyr.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky agyr ýagdaý öňki prezident G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende hem bölekleýin tassyklandy we birnäçe özgertme yglan edildi, emma meseläniň çözgüdi oba hojalyk boýunça orunbasarlary, häkimleri täzelemekden, käýinç we duýduryş bermekden aňry geçmedi.

Ýerli hünärmenler we synçylar ýurduň oba hojalygynyň we azyk üpjünçiliginiň häzirki düşen ýagdaýyny bu pudaga ýeterlik serişde goýberilmezligi, buýruk usulyndaky dolandyryşyň  we mejbury zähmetiň saklanyp galynmagy, giň ýaýran korrupsiýa we on müňlerçe adamyň zähmet migrasiýasyna gitmegi bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Эксперт объяснил, как вернуть деньги за отменённый из-за ошибки в заграннике отпуск

XVIII век — детство российской журналистики

После стрельбы из винтовки на севере Москвы два человека получили телесные повреждения

Охота на ведьм: В Подмосковье задержали участницу "Битвы экстрасенсов" Полынь

Музыкальные новости

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Дело об избиении в Московской области азербайджанцем молотком участника СВО расследуют повторно

«Деревенский вайб»: Бородина показала, как доит корову

Новости России

Эксперт объяснил, как вернуть деньги за отменённый из-за ошибки в заграннике отпуск

Психологи фонда «Защитники Отечества» поучаствовали в форуме ментального благополучия

Купальный сезон в России в 2024 году: на какие курорты поехать и когда

Пассажира сняли с рейса Москва – Новосибирск за дебош

Экология в России и мире

Слушатель из Смоленска выиграл на «Авторадио» «Москвич 3»

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Befree запускает сайт для поиска талантов

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

Спорт в России и мире

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Осталась в одиночестве: Андреева победила Грачёву и вышла в четвертьфинал «Ролан Гаррос», Медведева остановил де Минор

Moscow.media

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

В этом году обновят 35 км трассы Р-255 Сибирь в Тайшетском и Нижнеудинском районах Приангарья

Талантливый актер и неугомонный скандалист - несчастная судьба и ранний уход Николая Сектименко







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *