Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Iki ýurt üçin bir köçe. Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň serhedindäki adamlar nähili ýaşaýarlar

Iki ýurt üçin bir köçe. Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň serhedindäki adamlar nähili ýaşaýarlar

Gyrgyzystanyň Ala-Buka sebiti Özbegistanyň Namangan welaýatynyň birnäçe sebiti bilen serhetleşýär. Ol ýerde birnäçe aýratyn köçeler bolup, mysal üçin, ýoluň bir tarapy Gyrgyzystanyň ýeri, beýleki tarapy bolsa Özbegistanyň çägine degişli. Iki ýurduň adamlary hatda garyndaşlaryna barjak bolsalar-da, hökman serhet gözegçilik nokatlaryndan geçmäge mejbur bolýarlar. Munuň üçin bolsa onlarça kilometr ýol geçýärler. Rugsat berilmedik ýerde serhetden geçeniň jezalandyrylmagy mümkin.

Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri adamlaryň serhet ýakasynda nähili ýaşaýandygy barada gürrüň berýär.

Baktykan Abdyrahmanowa Özbegistan bilen serhetleşýän Jelal-Abad oblastynyň Ak-Tam obasynda 30 ýyl bäri ýaşaýar. Derwezeden daşary çykan badyňa, iki ýurduň serhedi bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.

“Şu suw akyp duran ganaw – serhet liniýasy: ol bölegi Özbegistana, bu bölegi hem Gyrgyzystana degişli. Öň durmuş gowudy, indi kynlaşdy. Mallar ol ýüze geçäýse, ony yzyna gaýtarmak gaty kyn bolar. Golaýda Özbegistan ara sim çekdi, olaryň serhetçileri ol germewiň bu tarapynda ýöreýärler. Biz bolsa ganawyň beýleki tarapyna geçip bilmeris" diýip, Baktykan gürrüň berýär.

Serhediň iki tarapyndaky ýaşaýjylar-da oba hojalygy bilen meşgullanýarlar. Iki ýurduň raýatlary özara biri-birine ýetişdiren hasylyny satýarlar. Käbir telekeçiler bolsa Özbegistandan mineral dökünleri we beýleki harytlary getirýärler. Oba adamlarynyň belli bölegi serhet gözegçilik nokadynda nobata durmak islemän, aýlawlary ýoldan peýdalanýarlar. Kim üçin ol bikanun geçelge zerurlyk bolsa, kim üçin girdeji çeşmesi. Munuň üçin köplenç serhetçiler tarapyndan tussag edilýärler.

Ýerli aktiwist Žurabek Inomow adamlaryň günäsi diňe serhet ýakasynda ýaşamagynda diýýär: “Suw akyp duran ganawyň bir tarapynda Özbegistany, beýleki tarapynda bolsa Gyrgyzystany görýäris. Bu ýerdäki adamlary kontrabandaçy hasaplamak mümkin. Belki, ol öýüne sowadyjyny getirýändir? Zerur zatlaryň ählisi bazardan satyn alynýar ahyryn. Bu adamlaryň günäsi – olaryň serhetde ýaşaýandyklarynda. Ýöne olar hem erkin ýaşamak isleýärler" diýip, ýerli aktiwist düşündirýär.

Bu sebitde serhediň takyk hasaba alynmadyk bölekleri köp. Hatda ýaşaýjylar hem araçägiň nireden geçýändigini anyk bilmeýärler. “Häzir biz bu ýoldan barýarys, birdenkä bu gyrgyzyň ýerimi ýa-da bir özbek esgeri alnyňda peýda bolarmy diýip, öz-özüňden soraýarsyň. Bu ýerler, görýäňizmi, açyk, beýlägem gidip bolýar, eýlägem – diýip, Žurabek Inomow ýoly hem töweregi görkezýär. – Biz häzir çatryga geldik: käbirleri bu ýerde nirä öwrülmelidigini bilýärler, käbirleri bilmeýär. Käwagt haýsy jaýyň haýsy ýurda degişlidigini bulaşdyrýarsyň. Eger şeýle pursatda esgerler tutaýsa, serhetden bikanun geçmekde ýa-da kontrabanda etmekde günäkärläp bilerler. Şeýle ýagdaýlar az däl."

Ala-Buka sebitinde Ak-Tamdan başga-da birnäçe serhetýaka obalar bar. Täžikan Taşpulatowa Gyrgyzystanyň Safed-Bulan obasynyň Özbegistanyň Zarkent obasy bilen serhetleşýän ýerini görkezýär. Iki ýurdy kanal bölýär. Tä 2010-njy ýyla çenli bu ýerde serhet gözegçilik nokady bolupdyr, ýöne syýasy düşünişmezlikler sebäpli, ol nokat aýrylýar. Biri-birinden iki ädim uzaklykda ýaşaýan iki ýurduň ýaşaýjylary serhetden geçjek bolsalar, barlag punktyndan geçmek üçin, 60-70 kilometr ýol ýöremeli bolýarlar.

"Suw akyp duran ýerden, biz beýleki tarapa geçmeýäris, olar hem bize tarap geçmeýärler. Serhetde serhetçiler aýlanyp ýör. Öňler bu ýerde uly awtoulag ýoly bardy, ondan Nanaý-Kerben-Namangan ugry boýunça awtobus gatnaýardy. Indi bu ýerden serhet geçýär, hatda adamlar hem gatnap bilmeýär. Ýoluň ol ýüzi Özbegistanyňky. Serediň, aralyk bary-ýogy 4 metr" diýip, Täžikan Taşpulatowa görkezýär.

Şol obanyň çetinde taryhy we binagärlik toplumy bolan Şah-Fazil bar, ol musulmanlar üçin aýratyn ýer hasaplanýar. Hamida Ýuldaşewa bu ýere Özbegistandan – aslynda goňşy obadan zyýarata gelipdir. Emma bu ýere gelýänçä, ýol onuň köp wagtyny alypdyr.

“Prezidentler köne ýoldan geçmäge rugsat berseler, biziň ýaly zyýaratçy köp bolardy. Biz ýollaryň açylmagyny isleýäris. Bu ýere gelmek isleýän özbekler köp, ýöne serhetdäki çäklendirmeler sebäpli ýaýdanyp otyrlar. Ýoluň ýapylmagy hasam gynandyryjy" diýip, Hamida Ýuldaşewa aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar bir gün Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet simwoliki – bir şertli ýagdaýa öwrüler, tikenekli simler aýrylar, ýerli ýaşaýjylar bolsa egni harby eşikli adamlardan gorkmasyny bes ederler we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakykatdanam ýakynlaşar diýip umyt edýärler.

Kamilla Waliýewa, Sanžar Eraliýew, Samat Alyşbaýew

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Москве человек упал на пути Замоскворецкой линии метро

Экономист Клешко: банки могут включать скрытые комиссии в договор о кредите

Москва собирается «прибрать к рукам» все урановые месторождения Нигера

Агент Орещук допустил, что Смолов перейдет в ЦСКА

Музыкальные новости

Евгений Миронов, Ирина Пегова, Кристина Асмус, Илья Авербух, Елизавета Арзамасова и другие звезды не фестивале «НЕБО»

В Росгвардии стартовал чемпионат по боксу «Кубок Победы»

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

Хуснуллин: несмотря на ставку ЦБ, приток ипотеки в стройку продолжается

Новости России

Путин сообщил о выполнении Ираном всех обязательств по ядерной сделке

В республике могут появиться ИТ-технопарк и инженерная школа

В СИЗО по делу о даче взятки отправили арбитражного управляющего в Воронеже

В Москве человек упал на пути Замоскворецкой линии метро

Экология в России и мире

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Создайте стильный образ из самых простых вещей в гардеробе

Befree запускает сайт для поиска талантов

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Moscow.media

Heroje H288BW- портативный сканер штрих-кодов с интерфейсом Bluetooth

Делу время – ремонту срок. Эксперты обсудили, как ускорить ремонт после ДТП

Старую но редкую BMW M5 2002 года продали за 130 000 $

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *