Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy

Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. 24-nji iýunda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen aýdym-saz çäresine tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Konserte Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem bardy.

Köşgüň uly zalynda geçirilen "Müň bir gije" atly konsert çäresine biletler 50 manatdan satyldy. Ýörite adamlar tarapyndan satylan bu biletler köplenç tomaşaçylaryň öýlerine getirilip berildi.

"Aşgabatlylar konsertiň boljakdygyny we oňa biletleriň kimler tarapyndan satylýandygy barada tanyş-bilişleri arkaly bilip galdylar. Käbir tomaşaçylar biletleri satýan adamlar bilen öňünden ylalaşyp, biletleri konsert çäresiniň öňüsyrasynda, Mukamlar köşgüniň öňünde satyn aldylar. Biletleri köşgüň kassasynda satmadylar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçymyz munuň anyk sebäbiniň belli däldigini aýtdy. Ýöne ol her niçik-de bolsa, aýdym-saz muşdaklarynyň konserte uly gyzyklanma bildirendigini, 1000 orunlyk uly zalyň tomaşaçydan dolandygyny belledi.

Konsert programmasy rus (Nikolaý Rimskiý-Korsakow), daniýaly (Karl Nielsen) we azerbaýjanly (Fikret Amirow) kompozitorlaryň "Müň bir gije" ertekiler ýygyndysyna esaslanyp, dürli döwürlerde döreden ajaýyp sazlaryny bir ýere jemledi.

"Müň bir gije" ertekileri orta asyrlar arap we pars edebiýatlarynyň ýadygärligi, mifiki eýran patyşasy Şähriýar bilen onuň aýaly Şährizada baradaky hekaýatlaryň ýygyndysydyr.

Eserler ýerine ýetirilmezden ozal, Resul Gylyjow tomaşaçylara olaryň mazmuny we mowzuklary barada gürrüň berdi.

Konsertiň başynda Nikolaý Rimskiý-Korsakow tarapyndan 1888-nji ýylda döredilen "Şährizada", "Deňiz we Sindbadyň gämisi" ýaly eserler ýaňlandy.

"Sungat işgärleriniň eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi we zalyň akustikasynyň ajaýyplygy netijesinde, tomaşaçylar özlerini, hamana, tupanly ýa-da asuda deňziň ortasyndaky gämide ýaly duýdular. "Şährizada" eseri ýerine ýetirilende, käbir tomaşaçylar öz oňyn duýgularyny saklap bilmän, eseriň bölekleriniň arasyndaky arakesmelerde-de el çarpyşdylar" diýip, habarçy aýtdy.

"Şährizada" eseriniň käbir bölekleri amerikan, britan, rus we beýleki ýurtlaryň filmlerinde, şeýle-de käbir türk seriallarynda hem ulanyldy.

Konsertde orkestr azerbaýjanly kompozitor Fikret Amirowyň “Müň bir gije” eserinden iki bölümi ýerine ýetirdi: “Bagdadyň bazary” we “Şähriýar we Şährizadanyň dueti”.

Konsertiň dowamynda daniýaly kompozitor Karl Nielseniň 1919-njy ýylda "Aladdin" pýesasyna ýazan eseri hem ýaňlandy.

"Köpüsi ýaş 70 sazanda diňe bir "işlemek" bilen çäklenmän, aýdym-sazy duýup, ondan lezzet aldy we tomaşaçylara özleriniň başarnyklaryny we zehinlerini görkezdi" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda, şol sanda paýtagt Aşgabatda koronawirus pandemiýasy bilen bagly aladalaryň arasynda girizilen karantin çäklendirmeleri sebäpli konsert çäreleriniň ençemesi yza tesdirilipdi. Şu ýylyň bahar paslyndan başlap gyş aýlarynda geçirilmegi planlaşdyrylan aýdym-saz çäreleri gaýtadan geçirilip başlandy.

Munuň bilen bagly, soňky iki aýa golaý wagtyň dowamynda paýtagtda azyndan bäş sany aýdym-saz çäresi geçirildi. Olaryň arasynda “Pariž, söýgim meniň!” we "Tango, Tango, Tango" atly konsertler bardy.

Hökümetçi "Türkmenportal" neşiri 8-nji iýulynda Aşgabatda ýene bir aýdym-saz çäresiniň, ýagny "Jaz we onuň töweregi" atly konsert geçiriljekdigini habar berýär. 26-njy iýunda çap edilen habarda konsertiň Mukamlar köşgünde geçiriljekdigi we onda Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew, Ilgiz Galimow (tenor-saksofon), Babaguly Goşaýew (truba), Döwran Gylyjow (trombon) ýaly aýdymçy-sazandalaryň çykyş etjekdigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Эколог Фисун назвала экопривычки, которые стоит ввести в повседневность

Садись, двойка: какие схемы придумывают мошенники, чтобы нажиться на ЕГЭ

Пожар произошел в торговом центре в районе Марьино

В Москве появилась возможность следить за сохранностью вещей в ломбарде

Музыкальные новости

Дело об избиении в Московской области азербайджанцем молотком участника СВО расследуют повторно

Младшая дочь Заворотнюк пришла на ее могилу с отцом Чернышевым

"Вечерняя Москва": наследство Заворотнюк поделят на до и после брака

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты

Новости России

Пожар произошел в торговом центре в районе Марьино

Нижегородцы угнали у владимирца дорогое авто, чтобы продать на запчасти

Сбербанк повысил ставки по ипотеке на 1,5 процентных пункта

Эксперт Любомирская: В России скоро вырастет престиж технических профессий

Экология в России и мире

С чем носить юбку этим летом: примеры стильных образов

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Спорт в России и мире

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Moscow.media

Тин-Мерзуга

Новые мониторы Xiaomi на российском рынке

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты

RooX UIDM защитит от перехвата токенов







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *