Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazak resmileri: Ýanwardaky protestlerde saklanan alty adam gynalyp öldürildi

Gazagystanyň baş prokurorynyň orunbasary Aset Şyndalyýew ýanwardaky hökümete garşy protestleriň dowamynda tussag edilen alty adamyň gynalyp öldürilendigini mälim etdi. Bu protestleriň netijesinde ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýew we onuň maşgala agzalary ýurduň syýasy sahnasyndan çetleşdirilipdi.


Şyndalyýew 29-njy iýunda ýaýradylan beýanatda protestleriň dowamynda 232 şahsyň ölendigini hem belledi. Bu protestler ýurduň kanun goraýjylary we ýaragly goşuny tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylypdy.


Mundan ozalky berlen maglumatynda, ölenleriň sanynyň 230-a deňdigi, olaryň arasynda 19 kanun goraýjy ofirseriň hem bolandygy aýdylypdy.


Şyndalyýew şübhelileri gynamakda aýyplanyp Milli Howpsuzlyk Komitetiniň we polisiýa ofiserleriniň tussag edilendigini aýtdy. Ol protestleriň dowamynda we ondan soňky wagt içinde tussag edilen şübhelileri gynamakda we soragda bikanun usullary ulanmakda jemi 15 ofiseriň güman edilýändigini nygtady.


Mundan öň, Baş prokuratura 25 adamyň gynamalaryň pidasy hökmünde ykrar edilendigini, derňewçileriň sorag wagty olara garşy gyzgyn ütük ulanandygyny aýtdy.


Bu beýanat ýurtda aktiwistleriň gynamalar boýunça alnyp barylýan derňewlerde has aýdyňlygy talap etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *