"Talyban" toparynyň lideri owgan mejlisine ýüzlenip, "ýeňşi" öwýär
Ulemalaryň ýa-da din alymlarynyň 30-njy iýun - 2-nji iýul aralygynda geçirilýän "uly ýygnagy" berk gözegçilik astynda guralyp, bu üýşmeleňe aýallaryň gelmegi gadagan edilýär. Şeýle-de, oňa diňe “Talyban” tarapyndan saýlanyp-seçilen wekiller gatnaşyp bilýär. Şol bir wagtda, oňa etniki we dini azlyklaryň gatnaşdyrylmagy zerur hasaplanmaýar.
ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlarynyň ýurtdan çekilmegi bilen, BMG tarapyndan goldanýan hökümet awgust aýynda synaly bäri, Ahundzada Owganystany eýelän “Talyban” dolandyryjylaryna ýolbaşçylyk edýär.
Ol sözlän sözünde ýygnaga gatnaşyjylary Owganystandaky "ýeňişleri" bilen gaýta-gaýta gutlady we geçen hepde 1000-den gowrak owganlyny öldüren güýçli ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna doga-dileg etdi.
Ahundzadanyň 1-nji iýulda gatnaşan ýygnagy onuň Kabulda ilkinji gezek köpçülige çykyşy boldy.
Wise-premýer Abdul Salam Hanafi şu hepde ýygnaga gatnaşyjylaryň yslam dolandyryşy, milli jebislik we howpsuzlyk, ykdysady we jemgyýetçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygyny, bu maslahata syýasatçylaryň, telekeçileriň we söwdagärleriň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlar we halkara jemgyýetçiliginiň köp bölegi, ähli tarapy içine almazlygy we hukuk meseleleri bilen baglylykda, “Talybandan” we bu toparyň ykrar edilmedik hökümetinden çeke durýar.
Ahundzada geçen hepde halkara jemgyýetçiligini, 22-nji iýunda bolan ýer titremesinden soň gün tertibine gelen kömek tagallalaryna goldaw bermäge çagyrdy.