Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tussag edilen rus hokkeý ýyldyzy Fedotowyň keselhana ýerleşdirilendigi habar berildi

Rus metbugatynyň habaryna görä, rus hokkeý derwezeçisi Iwan Fedotow Sankt-Peterburgyň harby komissariatyndan tiz kömek ulagy bilen äkidilip, keselhana ýerleşdirildi.


Rus häkimiýetleri bu barada resmi beýanat etmedi we Fedotowyň saglyk ýagdaýy barada hiç hili maglumat berilmedi.


1-nji iýulda 25 ýaşly Fedotow harby gullukdan gaça durmakda şübhelenip, harby prokurorlaryň haýyşy boýunça tussag edilipdi.


Geçen aýda Russiýanyň iň gowy derwezeçilerinden biri we milli ýygyndysynyň agzasy Fedotow ABŞ-nyň milli hokkeý ligasynyň "Philadelphia Flyers" topary bilen şertnama baglaşdy we ABŞ-da oýnamak üçin Goşunyň merkezi sport klubyny (CSKA) terk etmegi planlaşdyrdy.


CSKA Russiýa goşunynyň buz hokkeý klubunyň agzalary resmi taýdan harby gullukçy hasaplanýar. Şonuň üçin CSKA şertnamalarynyň oýunçylar tarapyndan ýatyrylmagy bikanun hasaplanyp bilýär.


Fedotow 2021-22 ýyllarda Russiýanyň Kontinental hokkeý ligasynda (KHL) CSKA Moskwa komandasynyň hatarynda oýnady we topary liganyň çempionlygyna alyp bardy. KHL-iň iň gowy derwezeçisi baýragy ugrunda üç finalçysynyň biri diýlip yglan edildi.


Fedotow Pekinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda Russiýanyň 2022-nji ýyldaky Olimpiýa toparynda-da oýnap, başlangyç derwezeçi hökmünde kümüş medal gazandy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *