Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýfel diňi poslaýar, ol düýpli abadanlaşdyryşa mätäç

Eýfel diňi poslapdyr, ol düýpli abadanlaşdyryş işlerine mätäç, muňa derek ony 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda gaýtadan reňkleýärler. Bu barada fransuz žurnaly Marianne öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.


Marianne žurnalyna gowşan gizlin maglumatlara görä, Eýfel diňindäki sep açmalar hem poslama baryp 2014-nji ýylda ýüze çykarylypdyr. 2016-njy ýylda bu demir minarada 884 şikes ýeten bölek hasaba alyndy, olardan 68 sanysy "gurluşyň uzak ýyllyk berkligine töwekgelçilik döredýär".


"Eger Gustaw Eýfel [minarany guran inžener-gurluşykçy] ol ýere baryp gören bolsa, ony ýürek agyry tutardy" diýip, adynyň tutulmazlygyny soran minaranyň müdirlerinden biri ol žurnala mälim edipdir.


Minara indi Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň dowamynda, ýigriminji gezek reňklenýär. Beýik ýadygärligi reňklemek we abadanlaşdyrmak işiniň bahasy 60 million ýewro durýar. Minaranyň üçden bir bölegindäki köne boýagy aýryp, şondan soň oňa täzeden iki gezek reňk çalynmaly edilipdi. Şeýle-de bolsa, COVID-19 pandemiýasy güýjänsoň işiň togtadylmagy we köne reňkde gurşunyň bolmagy sebäpli, minaranyň diňe 5% ýeriniň boýagy doly aýrylmaly boldy.


Žurnalyň sorag geçiren bilermenleri minaradaky köne boýag düýbünden aýrylmaly we diňe şondan soň reňklenmeli, ýogsa köne reňkiň üstünden çalnan täze boýag ulanylmagy poslamagy ýene güýçlendirýär diýip hasap edýärler. Şeýle-de bolsa, diňi dolandyrýan kompaniýalaryň we oňa eýeçiligiň 99%-i Pariž şäher häkimligine degişli bolandygy üçin, syýahatçylyk girdejileriniň ýitmeginden howatyr edip, ýadygärligi uzak wagtlap ýapmak islemeýärler.



Belentligi 324 metr, agramy 7300 tonna bolan süýlen demirden gurlan diň 1889-njy ýyldaky Bütindünýä ýarmarkasy üçin guruldy. Açylmazdan ozal ol dört gatlak gurşun ergini bilen örtüldi, häzir şeýle usuly ulanmak gadagan edildi, ýöne ol döwürde poslama garşy iň oňat serişde hasaplanýardy. Eýfeliň özi beýle boýagyň diňiň berkligini uzak wagtlyk saklanmagyny kepillendirýär; "iň esasy-da, poslamanyň öňüni alýar" diýip hasap edipdi.
Eýfeliň pikirine görä, bu diň ýigrimi ýyl durmalydy, şondan soň ony söküp aýyrmak mümkindi. Şeýle-de bolsa, seresaplylyk bilen hyzmat edilmegi netijesinde, diň henize çenli-de dur, ol Fransiýanyň nyşanlaryndan biri saýylýar.
Eýfel diňine her ýylda 6 million töweregi syýahatçy barýar. Bu Disneýlendden, Luwrdan we Wersal köşgünden soň, Fransiýada iň köp syýahatçy barýan dördünji medeni merkezdir.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *