Russiýa türkmen lukmanlarynyň taýýarlygy üçin býujetli ýerleri bölüp berýär
“Türkmenportal” neşiriniň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine salgylanyp ýazmagyna görä, iki ýurduň saglygy goraýyş ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistandan gelen hünärmenler üçin 2022/23 okuw ýylynda býujetli ýerler bölünip berildi.
Türkmen hünärmenleriniň Russiýanyň öňdebaryjy okuw jaýlarynda bilim almagy ordinatura (hünärler – «Anesteziologiýa we reanimatologiýa» we «Epidemiologiýa»); aspirantura (hünärler «Urologiýa» we «Rentgen-endowaskulýar hirurgiýa») maksatnamalar boýunça amala aşyrylar.
Neşir türkmenistanly hünärmenlere berilýän býujetli ýerleriň sanyny aýtmaýar. Emma habarda 2017-2022-nji ýyllar aralygynda Russiýanyň öňdebaryjy klinikalaryna, hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin, 113 sany türkmen hünärmeniniň iberilendigi bellenýär.
Türkmenistan soňky onýyllyklarda, saglygy goraýyş hünärmenleriniň taýýarlyk derejesiniň peselmegi, bilimdäki korrupsiýa, işini gowy bilýän lukmanlaryň başga ýurtlara gitmegi netijesinde, öz raýatlarynyň ýokary hilli we elýeterli saglyk hyzmatyny almagynyň üpjün edilmegini ýola goýup bilmedi diýip, synçylar aýdýar. Bu ýagdaý raýatlaryň pandemiýadan ozal barha köp saglyk syýahatçylygyna ýüz urmagyna alyp geldi.
Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri döwrebap saglyk desgalarynyň köp gurulýandygyny aýdyp, ýurtdaky saglygy goraýyş meselelerini boýun almaýar.