Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

13 ýaşly gyzy zorlamakda güman edilýänler günäni inkär edýärler

12-nji iýulda Bişkek şäheriniň Swerdlow etrap kazyýeti 13 ýaşly bir gyzy zorlamak meselesi boýunça diňlenişik geçirdi. Bu işde güman edilýänleriň arasynda iki milisiýa işgäri we geçmişde iş kesilen raýatlar bar.


Jepa çeken tarapyň aklawçysy Timur Soltanowyň mälim etmegine görä, kazyýet diňlenişiginde, üç şaýatdan sorag edilipdir, beýleki biri diňlenişige gelmändir. Diňlenişik ýene dowam etdiriler.


“12-nji iýulda geçen diňlenişikde, günäkärlenýänler özlerini günäkär hasaplamadylar, ýagny günälerini boýun almadylar. Geljekki kazyýet diňlenişiginde, biz olaryň pozisiýasyny ýene diňläp bileris" diýip, aklawçy aýdýar.


Günäkärlenýänleriň biriniň aklawçysy öz müşderisiniň suratyny sosial ulgamlarda ýaýradandygy üçin, kazyýet mejlisinde ony jogapkärçilige çekmegi haýyş edendigini jebir çekeniň aklawçysy aýdýar.


Ombudsmen institutynyň hem-de Ombudsmeniň çagalaryň hukuklary meselesini alyp baryjy wekiliniň kazyýet mejlisine gatnaşmagyna rugsat berilmändigi öň habar berildi. Kazyýet ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär. 8-nji iýulda geçirilen diňlenişikde, hakykatçynyň wekiline-de ol ýere girmäge rugsat berilmändi. Şonda kazy Aziz Eşaliýew aýyplanýan tarapyň olaryň gatnaşmagyna garşydygyny aýtdy.


Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy mundan ozal 13 ýaşly gyzjagazyň zorlanandygyny habar beripdi. Bu işde dört adama şübhe bildirilýär, olaryň ikisi milisiýa işgäri. Bu waka köpçüligiň arasynda giň nägilelik döretdi. Aktiwistler Içeri işler ministriniň wezipesinden çekilmegini talap edip ýöriş geçirdiler. Krizis merkezleri bolsa prezidente ýüz tutup, bu işe çäre görmäge we aýal-gyzlara hem-de çagalara garşy edilýän zorlugy bes etmäge çagyrdylar.


Şu iş boýunça 8-nji iýulda geçirilen diňlenişik gününde, Bişkek şäheriniň Swerdlow etrap kazyýetiniň binasynyň golaýynda, aýal-gyzlara garşy zorlugy ýazgaryp, nobatdaky ýöriş çäresi geçirildi. Çärä gatnaşanlar Içeri işler ministri Ulanbek Niýazbekowyň işden aýrylmagyny, jynsy zorluk sebäpli aýal-gyzlary heläklemegiň bes edilmegini hem-de zorlamakda günäkärlenýänleriň jogapkärçilige çekilmegini talap etdiler.




Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *