Nazarbaýewiň ýaranlarynyň 'gazanan' ýüzlerçe million dollary yzyna alynýar
Komissiýa 18-nji iýulda Baş prokuraturanyň käbir ýokary derejeli derňewleri öz gözegçiligine aljakdygyny aýtdy.
Bularyň arasynda Nazarbaýewiň tussag edilen ýegeni Kaýrat Satybaldy we onuň öňki aýaly Gulmira Satybaldy, Nazarbaýewiň agtygynyň ozalky gaýny Kaýrat Boranbaýew, Operator ROP kompaniýasynyň Nazarbaýewiň körpe gyzy Aliýa Nazarbaýewa bilen ilteşikli ýolbaşçylary, şeýle-de Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy Karim Masimow we onuň öňki üç orunbasary bilen baglanyşykly işlerem bar.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji iýunda, Gazagystan Nazarbaýewi we onuň urugyny syýasy sahnadan resmi taýdan aýyrmak üçin konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça referendum geçirende, "ýurduň baýlygynyň uly bölegini bikanun eýlän az sanly adamlar toparynyň Gazagystandan bikanun çykaran nagt pullaryny yzyna gaýtarmak" üçin ýörite topar döredendigini aýtdy.