Nazarbaýewiň Yssykköldäki ýadygärligi aýryldy
Neşir ýadygärligiň çak bilen bir ýyl gowrak mundan ozal, 2020-nji ýylyň ortalaryndan 2021-nji ýylyň ortalaryna çenli aralykda sökülip aýrylandygyny, sebäbi geçen ýyl dynç alanlaryň düşüren wideolarynda onuň bolmandygyny belleýär.
Bu ýadygärlik 2005-nji ýylda, Nazarbaýewiň 65 ýaşynyň dolmagynyň hormatyna ýasalyp, kölüň golaýynda oturdyldy.
Nazarbaýewiň ýadygärliginiň sökülip aýrylandygy baradaky habar Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen resmi däl duşuşygyndan bir gün soň çykdy.
Gazagystanda paýtagt, howa menzili, köçeler, uniwersitetler we mekdepler Nursoltan Nazarbaýewiň adyny göterýär. Öňki prezidentiň hormatyna ençeme ýadygärlik hem dikildi. Soňky döwürde paýtagtyň we beýleki desgalaryň adynyň üýtgedilmegini talap edýänleriň köpelýändigi aýdylýar.