Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda çagalar okuw esbaplaryny satyn almak üçin dilegçilik edýärler

Türkmenistanda çagalar okuw esbaplaryny satyn almak üçin dilegçilik edýärler

Türkmenistanda tomusky dynç alyşynda işleýän, ene-atalaryna kömek edýän ýa-da pul gazanmak üçin dürli mümkinçilikleri gözleýän çagalar köpelýär, dilegçilik edýän çagalaryň hem sany artýar. Azatlyk Radiosyny Marydaky habarçylarynyň soňky maglumatlarynda şu günler dilegçilik edýän çagalaryň köpüsiniň okuw esbaplary üçin pul soraýandygy aýdylýar.

Mary welaýatynda dilegçilik edýän çagalary köplenç bazarlarda, köp adamly köçelerde, supermarketleriň golaýynda, hatda agşamlaryna kafeleriň hem restoranlaryň öňünde görse bolýar. Olar esasan mekdep ýaşlaryndaky çagalar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Baýramalynyň bazarlarynda şu günler çagalar alyjylardan okuw esbaplary, köplenç depder we galam satyn almak üçin pul soraýarlar. Çagalara adatça 10 ýa-da 20 teňňe berilýär. Ýerli bazarlarda depderleriň bahasy 1-den 4 manada, ruçka-galamlaryň bahasy 2-den 10 manata çenli bolýar.

Bahalaryň ýokarlanmagy we ilatyň girdejileriniň azalmagy çagalaryny täze okuw ýylyna kadaly taýýarlap bilmeýän maşgalalaryň sanynyň köpelmegine sebäp boldy. Soňky ýyllarda egin-eşik, aýakgap we okuw esbaplary ýaly zerur zatlaryň ýetmezçiligi sebäpli mekdebe gatnamaýan çagalaryň sanynyň köpelendigi barada habar berildi. Mekdeplerde okuwçylardan belli bir eşik we keşdeli tahýa talap edilýär.

Azatlygyň habarçysy şu günler çagalary bilen birlikde ejeleriniň hem dilegçilige çykýandyklaryny habar berýär. Baýramalynyň ýerli bazarynda çagalary bilen dilegçilik edýän aýallaryň biri adamsynyň döwlet edarasynda işleýändigini Azatlyga gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, maşgala başynyň aýlygy diňe ýerli dükanda karz satyn alynan azyk önümleri üçin wagtynda töleg etmäge zordan ýetýär. Maşgalada çagalary täze okuw ýylyna taýýarlamak üçin bolsa, düýpden pul ýok.

"Indi diňe dilegçilik etmek galdy. Çagalar ösýärler, mekdep geýimi olara kiçi bolýar. Mundan başga-da, olaryň artykmaç eşikleri bolmansoň, köp geýlen eşikler könelip, tiz ýyrtylýar. Şonuň üçin olara eşik satyn almaly bolýar" diýip, ene gürrüň berýär.

Zerurlyk sebäpli dilegçilik etmäge mejbur bolan dürli aýallaryň başyna düşen kynçylyklary birmeňzeş, emma maşgala ýagdaýy başgaça. Habarçy bilen söhbetdeş bolan başga bir zenanyň sözlerine görä, onuň adamsy geçen ýyl koronawirusdan ýogalypdyr we maşgala eklençsiz galypdyr.

Başga bir ene öz adamsynyň Türkiýede işleýändigini, emma onuň soňky döwürde maşgalasyna pul ibermek üçin ýeterlik gazanç edip bilmeýändigini gürrüň berdi. Bu aýal özüniň iki çagasy bilen bilelikde dilegçilik edýär.

"Çagalaryma geýim gerek. Käbirler bize köne eşik berýärler. Ýöne ulanylan mekdep eşiklerini indi köplenç satýarlar. Köp adama pul gerek bolansoň, bazarda köne mekdep eşiklerini alýan we soň satýan ýerler bar. Mekdep üçin geýimlere isleg köp bolýar" diýip, soňbetdeş zenan aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen maryly ýene bir enäniň sözlerine görä, girdejisiz galan maşgala eklenmek üçin öý goşlaryny satypdyr we indi dilegçilik etmäge mejbur bolýar. Bu zenan daşary ýurtlara zähmet migrasiýasynyň öz maşgalasy üçin ýeke-täk çykalga bolup biljekdigine ynanýandygyny aýdýar: "Biz mümkin boldugyndan ähli zatlary, hatda gap-gaçlary-da satdyk. Hiç zat galmady, indi satmaga zadymyz ýok. Biz dilegçilik etmäge mejbur bolýarys. Eger ýollar açyk bolan bolsa işlemek üçin Türkiýä giderdim" diýip dilegçi zenan aýdýar.

Bu aralykda, Türkiýedäki ýüzlerçe müň işçi migranty, türk ykdysadyýetiniň başdan geçirýän krizisi we görlüp-eşidilmedik inflýasiýa zerarly gazançlaryny we Türkmenistandaky maşgalalaryna goldaw bermek mümkinçiligini ýitirdi.

Maryda dilegçilik edýän çagalar gündiz bazarlarda we dükanlarda, agşam bolsa demir ýol wokzalynyň hem-de "Aşgabat" supermarketiniň golaýynda köp duş gelýär. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, "Aşgabat" supermarketiniň golaýynda jyns hyzmatlaryny hödürleýän aýallar hem bolýar. Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda maşgalalaryny eklemek üçin jyns hyzmatlaryny hödürleýän eneler köpelipdir. 

Bu aralykda, çagalar 1 manat gazanmak umydy bilen awtoulag duralgalarynda maşyn ýuwýarlar. 

Pandemiýa sebäpli has agyrlaşan uzaga çeken ykdysady krizisiň çäginde Türkmenistanda girdejilerini ýitiren maşgalalaryň sany ep-esli artdy. Işsizligiň, aýlyklaryň gijikdirilmeginiň, nagt pul we azyk ýetmezçiliginiň dowamynda öz çagalaryny ekläp bilmeýän maşgalalaryň sany köpelýär. Dynç alyş möwsüminde çagalaryň agyr şertlerde ýaşaýandygy hasam göze ilýär. Köplenç çagalar bazarlarda ýük göteriji bolup işleýärler, awtoulaglary ýuwýarlar we plastik, kagyz, çüýşe ýaly gaýtadan işlenilýän zatlary ýygnaýarlar. Zir-zibil dörýänleriň sany köpelýär, olaryň arasynda garrylar we çagalar köp bolýar. Käbir halatlarda ene-atalar ekläp bilmeýän çagalaryny internata tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti barha ýitileşýän ykdysady krizisiň bardygyny resmi derejede boýun almaýar, agyr sosial problemalary agzamaýar we ilatyň hakyky durmuş şertlerini görkezýän statistikany çap etmeýär. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Свыше 100 участников собрал форум среднего медперсонала в Подмосковье

Окружной форум в Архангельске объединил представителей спортивной отрасли из 12 регионов

В столице на 50% выросла зарплата сотрудников обрабатывающих производств

Подмосковные специалисты по защите труда стали лучшими в России

Музыкальные новости

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков

Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала

"Атомайз" разместил новый выпуск ЦФА на корзину металлов

«Деревенский вайб»: Бородина показала, как доит корову

Новости России

Лидер движения «Всеармянский фронт», Аршак Карапетян выступил 5 июня 2024 на радио «Аврора» в прямом эфире авторской программы «Другой глобус» с Дарьей Митиной. ВИДЕО

РЭО рассказал об инструментах финансирования отрасли ТКО на форуме «Экология»

Россия начала переговоры по дедолларизации торговли с Кубой и Венесуэлой

Дети из 20 стран приняли участие в конкурсе, посвящённом блокаде Ленинграда

Экология в России и мире

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Слушатель из Смоленска выиграл на «Авторадио» «Москвич 3»

Российский лоукостер запустил рейсы в Анталию из Махачкалы

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Спорт в России и мире

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Moscow.media

Планируете отпуск в России? В этих городах есть бюджетное жилье — называем список

Новый цвет и знакомый звук: игровая гарнитура GR270 от Bloody

В этом году обновят 35 км трассы Р-255 Сибирь в Тайшетском и Нижнеудинском районах Приангарья

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *