Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar

Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar

Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri ýene köpçülikleýin pagta meýdanlaryna iberilýär. Her bir döwlet işgäri pagta meýdanlarynda hut özi işlemäge ýa-da hakyna tutulan işçä tölemäge mejbur edilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň günbatar sebiti Balkan welaýatyndaky ýagdaýlar barada maglumat berýärler.

Serdar we Bereket etraplarynyň okuw jaýlarynyň mugallymlary we ähli döwlet edaralarynyň işgärleri 25-nji awgusta çenli pagta meýdanlaryndaky işlere gatnaşmaly. Geçen ýyllaryň tejribesine görä, döwlet işgärleri bu ýyl hem pagta meýdanlaryna ýa-da özleri gidýärler, ýa-da öz ýerine hakyna tutulan işçileriň zähmeti üçin töleg edýärler.

Azatlygyň habarçysy bu ýyl pagta işleriniň adatdakysyndan bir aý öň başlandygyny habar berip, häzirki wagtda pagta meýdanlarynda çürtüm edilýändigini aýdýar.

"Daýhan birleşikleri çürtüme awgust aýyndan başladylar, indi bolsa döwlet işgärleri, şeýle hem esgerler we talyplar köpçülikleýin çekilýär" - diýip, habarçy häkimiýetleriň bu usul bilen iş güýjüniň ýetmezçiliginiň öwezini dolýandygyny belledi.

Pagtanyň döwlet tarapyndan kesgitlenen satyn alyş nyrhynyň pesligi, suwunyň ýetmezçiligi, dökünleriň we tehnikanyň kemçiligi daýhanlaryň we kärendeçileriň zähmetine görä girdeji getirmeýär. Bu aralykda, býujet işgärleri işden kowulmakdan gorkup, iş berijileriň talaplaryny ýerine ýetirmäge we oba hojalygynda mugtuna işlemäge mejbur bolýarlar.

Azatlygyň Balkandaky habarçysy döwlet edaralaryň işgärleriniň ekin meýdanlaryndaky mejbury işleriň her ýyl bolşy ýaly şu gezek hem dekabr aýyna çenli dowam etmeginden howatyrlanýandygyny habar berdi.

Mart aýynda ekilen pagta resmi taýdan sentýabr aýynyň başynda ýygylyp başlanýar, emma iş ýüzünde ençeme aý uzaga çekip, gyşda tamamlanýar. Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri şu ýyl tutuş ýurt boýunça 580 000 gektar ýere pagta ekiljegi habar beripdi, bu geçen ýylkysyndan 40 000 gektar az bolsa-da, hökümet ozalkysy ýaly 1 million 250 tonna pagta hasylyna garaşýar.

Döwlet edaralaryň işgärlerini oba hojalygyna çekmek tejribesi ýurtda onlarça ýyl bäri saklanýar. Býujet işgärleri oba hojalygyny maliýeleşdirmäge hem mejbur edilýär. Ilat pagta önümçiliginden başga-da, ýüpek gurçugyny ýetişdirmek işine gatnaşmaly bolýar ýa-da maddy goşant goşýar, şeýle hem şugundyr we kartoşka önümçiligine goşant goşýar.

Şu ýylyň fewral aýynda Mary welaýatyndaky kärhanalar ýeralma önümçiligini döwlet planynda göz öňünde tutulan möçberde üpjün etmek üçin işgärlerden ýüzlerçe müň manat ýygnamaly boldular. Her işgärden 200-den 300 manata çenli maddy goşant alyndy. (Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursuna görä bu 57-85,7 dollara barabar bolýar).

Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankytlaýarlar. Pagtany dünýä bazarlaryna eksport edýän Türkmenistanyň hökümeti öz adyna edilýän bu tankytlara resmi derejede reaksiýa görkezmeýär.

Şu ýylyň iýul aýynda Halkara pagta kampaniýasy (Cotton campaign) “Turkmen.news” we “Türkmen adam hukuklary inisiatiwasy” guramalarynyň gatnaşmagynda hasabat çap edip, Ýewropa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetlerini Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagynda öndürilen pagta önümleriniň öz bazarlaryna çykmagynyň öňüni almak we mundan girdeji gazanýan kompaniýalary jogapkärçilige çekmek üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrdy.

Hasabatda Türkmenistandaky pagta meýdanlarynda mejbury zähmet ulgamynyň döwlet tarapyndan gurnalýandygy we bar bolan gadaganlyklara garamazdan, türkmen pagtasynyň Ýewropanyň we Amerikanyň bazarlaryna çykýandygy aýdylýar. Hasabatda eksport üçin ulanylýan ýollar görkezilýär. Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistandan çig maly ulanmazlyk hakyndaky pagta borçnamasyna gol çekmäge çagyryş etdiler we häzirki wagtda 140 sany global brendiň bu borçnama goşulandygyny bellediler.

2021-nji ýylyň dekabrynda Halkara pagta kampaniýasy ÝB-ni pagta satyn almakdan ýüz öwürmek bilen Türkmenistanda mejbury zähmeti bes etmäge çagyrdy. "Global Trade" guramasynyň habaryna görä, diňe 2020-nji ýylda ÝB 7,5 million ýewrodan gowrak pula türkmen pagtasyny import edipdir.

2016-njy ýylda H&M, Espirit, Adidas, IKEA we beýleki iri dünýä markalary türkmen pagtasyny ulanmakdan ýüz öwürdiler. ABŞ-nyň gümrük we serhet goragy 2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanda öndürilýän pagtanyň ähli görnüşlerini, şeýle hem Türkmenistanda pagtadan öndürilen önümleri import etmegi gadagan etdi. Bu gadaganlyk henizem güýjünde galýar.

2019-njy ýylda adam hukuklary we gulçulyga garşy göreş guramasy bolan Gulçulyga garşy halkara guramasy (Anti-Slavery International" ) Türkmenistanyň her ýylda 300 million dollardan gowrak pula pagtany we pagta önümlerini Türkiýä eksport edýändigini habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Дело не в дороге: с какими проблемами чаще всего сталкиваются автотуристы

Ульяновская певица выступит с Вованом из «Реальных пацанов» в Питере

Shot: еще один кроссовер GAC вспыхнул на ходу под Саратовом

Адвокат Калиничева рассказала, как разделят наследство Анастасии Заворотнюк

Музыкальные новости

Песков: Москва и Пекин намерены продолжать диалог по поставкам газа

В Росгвардии стартовал чемпионат по боксу «Кубок Победы»

«Деревенский вайб»: Бородина показала, как доит корову

17 и 18 августа 2024 года в городе Мончегорск Мурманской области состоится VI фестиваль северной культуры «Имандра Викинг Фест».

Новости России

Ульяновская певица выступит с Вованом из «Реальных пацанов» в Питере

Дело не в дороге: с какими проблемами чаще всего сталкиваются автотуристы

Посол РФ заявил о желании ЦАР продолжить поставки российского зерна

Житель Нерюнгри украл банковскую карту у попутчика по купе

Экология в России и мире

Chanel Resort 2025

Это вовсе не только Питер: названы 15 городов России, куда можно поехать на белые ночи

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Moscow.media

Талантливый актер и неугомонный скандалист - несчастная судьба и ранний уход Николая Сектименко

Торговые настольные электронные весы CAS PR-15P

Heroje H288BW- портативный сканер штрих-кодов с интерфейсом Bluetooth

Дайджест новостей «Грузовичкоф» за май







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *